Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Ýaş nesilleriň terbiýesinde ata-babalarymyz kitap okamagy, bilim almagy ýörelge edipdirler. Şonuň üçin hem şöhratly taryhymyzda akylly-başly, sowatly şahsyýetleriň nusga bolandygyny görýäris. Ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge gönükdirilen işler nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär. Şeýle milli terbiýäni halk döredijilik eserlerinde, nakyllarda, nusgawy edebiýatda aýdyň görýäris. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öwüt-nesihat goşgulary bilen ýagşylygy, watansöýüjiligi wasp edýär. Munuň özi ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyryp, asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle terbiýe bilen ösüp-ulalan perzent il halka wepaly bolýar, belent ynsanperwerligi kalbyna guýýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem ata-eneler çagalaryna öwüt-ündew bermekde nakyllara, nusgawy edebiýata salgylanýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde hem türkmen ýaşlarynyň edep-terbiýesinde milli ýörelgeleri aýdyň görmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz, ene dilimiz barada düşündirilýär. Olara bu gymmatlyklaryň pähimdar pederlerimizden miras galandygy, bu günki günde hem ösdürilýändigi hakynda wagyz edilýär. Biz ýaşlarymyza edep berenimizde ene dilimiziň baýlyklary barada hem giň düşünje berýäris, ondaky parasatly sözleri, nakyllary, ýörgünli söz düzümlerini olaryň aňyna guýýarys. Munuň özi, ilki bilen, olarda milli garaýşy kemala getirýär, halkyň taryhy ýoluna, döreden gymmatlyklaryna söýgi döredýär. Şonuň üçin hem milli dil, nusgawy edebiýat ýaşlary terbiýelemegiň esasy serişdeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Bu işler özüniň oňat netijesini berýär hem-de ýaşlaryň kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna täsir edýär.
Ýaş nesliň bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda terbiýeçilik ulgamynda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Şonuň netijesinde türkmen ýaşlary Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.
Aýgül BERDILIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 22.03.2023ý.