Gözümiziň guwanjy, öýlerimiziň altyn aşygy hasaplanýan mähriban çagalara bilim, terbiýe bermek işi döwrüň talabyna görä günsaýyn kämilleşdirilýär. Olaryň ýagty geljegini üpjün etmek maksady bilen, mugallymlar tarapyndan sapaklaryň netijeli guralmagy gazanylýar. Her bir başlangyç synp mugallymy çagalaryň bilimiň ilkinji düşünjelerini berk özleşdirmeginde okatmagyň häzirki zaman, ýagny interaktiw usulyndan ýerlikli peýdalanýar.
Bilşimiz ýaly, çagalar tebigat we pasyllar barada ilkinji düşünjeleri başlangyç synplarda alýarlar. Şunda olara şol bir wagtda pasyllara degişli bolan aýlaryň atlary hem öwredilýär. Şol aýlarda haýsy pasyllaryň dowam edýändigi, şeýle-de ýurdumyzda haýsy baýramçylyklaryň bellenilýändigi hem düşündirilýär. Her bir öwredilýän temanyň başga-da dürli maglumatlary öz içine alýanlygy sebäpli, şol bir wagtda çagalara birnäçe zatlary baglanyşdyryp öwretmek bolýar. Şol temalaryň biri-de başlangyç synplarda geçilýän ýaz paslyna degişli temalardyr. Çagalara pasyllar öwredilende olary yzygiderlilikde, ýagny aýlara görä öwretmek has-da täsirli bolýar. Bu olaryň aňsat ýatlamagyna, aňynda berk galmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin ýaz pasly barada düşünje berlende, ilki bilen, şol paslyň haýsy aýlarda dowam edýändigini öwretmekden başlaýarys. Mysal üçin, martyň, apreliň, maýyň ýaz paslynyň aýlarydygyny, bu aýlarda howanyň kem-kemden maýlap başlaýandygyny düşündirýäris. Esasan-da bu paslyň başlanmagy bilen gök otlaryň gögerýändigini, agaçlaryň pyntyklap, ýapraklamaga başlaýandygyny hem belläp geçýäris. Çagalara bular öwredilende multimedia tagtasynda ýaz paslyna degişli şekilleri hem görkezmek bolýar. Bu şekillerde gülaçyp başlan agaçlary ýa-da bolmasa gök otly meýdanlarda oýnaýan çagajyklary, otluk meýdanlarda otlaýan haýwanlaryň şekillerini görkezmek çagalarda uly täsir galdyrýar. Şol şekiller arkaly olara dürli sowallary berip, olaryň öwrenen zatlaryny hem barlamak bolýar.
Mundan başga-da, çagalara ýaz pasly barada goşgulary okap bermek hem özüniň oňat netijesini berýär. Mysal üçin, olar bilen bilelikde Gurbannazar Ezizowyň: «Salam, ýaz!» diýen goşgusyny okamak örän gyzykly bolýar:
Ýaşa! Bahar geldi!
Uzalýar günler.
Zähmet bilen joşýar
Atyzlar, peller.
Bu goşgyny öýe ýumuş hökmünde ýat tutup gelmeklerini hem tabşyrmak bolýar.
Çagalara Halkara zenanlar gününiň-de bu paslyň ilkinji aýynda bellenilýändigini ýatladyp geçýäris. Şunda ony eneler bilen baglanyşdyryp, olaryň gymmatyny, maşgalada, jemgyýetde tutýan ornuny, ähli ýaşaýşyň, şatlygyň gözbaşydygyny öwredýäris. Şeýle-de Milli bahar baýramy bolan Nowruzyň hem ýaz paslynda bellenilýändigini aýtmak bolýar. Multimedia tagtasynda Nowruz saçagynda goýulýan tagamlar barada hem öwredip bolýar. Şeýle hem Nowruza degişli sanawaçlary sanatmak, olary labyzly okap, öwrenmeklerini tabşyrmak çagalarda sapaga bolan höwesi has-da artdyrýar:
Semeniniň tagamy,
Ýedi aşa deň bolar.
Aýdyp bersem taryhyn,
Eşitmedige geň bolar.
Nowruz geldi, ýaz geldi,
Garga gitdi, gaz geldi.
Oturan adamlara,
Bilbilden owaz geldi.
Bu tema geçilende görkezme esbaplardan, öwrediji oýunlardan, şeýle-de şekilli wideo ýazgylaryndan hem peýdalanyp bolýar. Sapagyň dowamynda bahar baýramçylygy bilen baglanyşykly aýdymlary diňletmek hem örän täsirli bolýar. Şeýle guralýan her bir sapak başlangyç synp okuwçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Olaryň gyzyklanmalaryny, öwrenmäge bolan höweslerini has-da artdyrmak bolsa biz — mugallymlaryň döredijilikli işlemegine bagly bolup durýar.
Narjemal BEŞIMOWA,
Çärjew etrabyndaky 39-njy orta
mekdebiň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 22.03.2023ý.