Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Şunda ýaşlara bilim we terbiýe bermek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri hakynda alada esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde sanly tehnologiýalar uly orun eýeleýär.
Häzirki wagtda döwletiň ösüşi we onuň halkara abraýy, ilkinji nobatda, ýaşlara berilýän bilimiň hili, derejesi bilen kesgitlenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ylym-bilime döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki günde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenip, hünärli bolup ýetişmekleri barada ähli mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilimiň ösdürilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň sanly tehnologiýalara oňat düşünmekleriniň esasy bolup durýar. Häzirki döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmek arkaly bilimiň hilini ýokarlandyrmaga strategik wezipe hökmünde garalmagy-da ýöne ýerden däldir. Ylym-bilimiň ykdysady özgertmeleriň hem-de ösüşleriň sakasy bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Ylym-bilime aýratyn sarpa goýulýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň nesli kemala gelýär. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň döredýän amatly mümkinçiliklerini okuw işinde netijeli ulanmaga ýardam berýär.
Bu günki gün Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilimiň esasyny düzýän innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçirilýän okuw sapaklarynyň hili üznüksiz ýokarlanyp, berilýän bilimiň derejesi halkara ülňülerine gabat gelýär. Bilim alýan ýaşlara electron kitaplary ulanmaga we elektron kitaphanalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga has oňaýly şertler döredilýär. Onlaýn arkaly okuwlaryň guralmagy, bilim ojaklarynyň binýadynda sanly bilim portallarynyň döredilmegi ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilýändiginden, ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagyna ähli şertleriň döredilýändiginden habar berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar we üstünliklere ýetilýär. Şunda ylym-bilimiň aýratyn orun eýeleýändigini görmek bolýar. Ösüşleriň gözbaşynda ylym-bilimiň gazananlary bar. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde bu ugruň ilerlemegine aýratyn üns berilýär, giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebap ösdürýän, türkmen ýaşlarynyň bilim almaklary we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Çynar HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 20.03.2023ý.