AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGI – ÇEPER EDEBIÝATYŇ KÄMIL NUSGASY

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz ylmy esasda öwrenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bir supranyň başyna jem bolan halkymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwrüne tüýs ýürekden buýsanýar. Çünki Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, berkarar döwleti hakyndaky arzuwlaryny beýan edipdir.

Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy egsilmez hazynadyr, ruhy dünýämiziň baýlygydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn-da, ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir. Akyldar şahyr öz döredijiliginde gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler durmuşymyzda ahlak ýörelgelerini rowaçlandyrýar. Magtymgulynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler milli terbiýäniň esaslaryny emele getirýär.

Edebiýat ylmynda çeper eseriň gymmatlygy, pikirleriniň baýlygy, sözleriniň manylylygy hakynda ylmy pikirler beýan edilýär. Şeýle ylmy pikirleri Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen düşündirmek, mysallary getirmek has-da ýerine düşýär. Ylmy nukdaýnazardan seredeniňde hem, okyjynyň talapkär gözi bilen synlanyňda hem şahyryň baý edebi mirasy örän ýokary derejä eýedir. Şonuň üçin hem şahyryň eserleri ähli alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ajaýyp goşgular dilçiler tarapyndan hem, edebiýatçylar tarapyndan hem içgin öwrenilip gelinýär. Aýratyn-da, akyldar şahyrymyzyň aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ähli ynsanyň köňlünde baky orun aldy.

Magtymguly Pyragy adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda iň oňat ýörelgeleri wagyz edýär. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, onuň mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Ähli ynsanda ýagşy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň bolmagyny isläpdir.

Magtymguly Pyragy şahyrana eserleri arkaly edermenlik, batyrlyk, gahrymançylyk ýaly asylly häsiýetleri hem-de ylymlaryň dürli kadalaryny çeperçilik bilen utgaşdyrýar. Şahyrana pelsepä ýugrulan ajaýyp eserleriň üsti bilen milli ruhuň we kämil terbiýe mekdebiniň şu günlere gelip ýetendigine buýsanýarsyň. Akyldar şahyryň döredijiligi adamzat jemgyýetinde ynsan gatnaşyklarynyň hereketde bolýandygyny, dowamat dowamdygyny, watansöýüjiligiň esasy häsiýetdigini kesgitleýär. Şahyryň şygyrlarynda agzybirlik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik hakynda dogruçyllyk bilen şahyrana söhbet edilýär. Hut şoňa görä-de, ýaş nesilleri milli däplerimiziň çygrynda we ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly hem-de ygtybarly çeşmedir.

Nusgawy edebiýatda uly miras goýan akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek asylly ýörelgämizdir. Çünki şahyryň goşgulary milli ýörelgelerimizi wagyz edýär, ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolmagynda berk binýat bolup durýar.

 

Arslan ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 20.03.2023ý.

Meňzeş habarlar