Berkarar döwletiň täze eýýa mynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ähli ulgamlarda döwrebap ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrüdir. Ähli ösüşleriň başynda bolsa ylym-bilimiň kämilligi bardyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Giň gözýetimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagy başarýan, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen umumybilim edaralarynyň okuw meýilnamalary we maksatnamalary dünýäniň oňyn tejribesi esasynda kämilleşdirilýär, okuw meýilnamalarynda takyk bilimlere we logiki pikirlenmäge degişli dersleriň artdyrylmagyna uly üns berilýär.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde bilimi kämilleşdirmegiň jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydygy, onuň Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär. Ýurdumyzda bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady pugtalandyrylýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň bilim ojaklary döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi okuw sapaklaryny innowasion usullardan peýdalanyp guramaga mümkinçilik berýär. Netijede, berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar.
Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeläp, dünýä bilimlerini öwretmek goşa ganatly guş mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, ýaşlar giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, sagdyn, ruhubelent, dünýä derejesinde pikirlenip bilýän, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply şahsyýet bolup ýetişmeli.
Ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaşlar baradaky alnyp barylýan parasatly syýasat çuňňur bilimli, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýan şahsyýetleri kemala getirmek ýaly asylly işlere ruhlandyrýar. Döwlet gullugynda, ylymda we döredijilikde üstünlik gazanmak üçin ýaşlara amatly şertler döredilýär. Ýaş nesillere kämil bilim berip, millilige mahsus terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Aýşa KADYROWA,
Dänew etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Mugallymlar gazeti. 15.03.2023ý.