Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sözleýşi ösdürmek sapagy çagalar üçin has hem gyzyklydyr.
Çagalar munuň üsti bilen birnäçe ertekileri, goşgulary özleşdirýärler. Esasan hem olar ýat tutmagy öwrenýärler. Körpeleriň durmuşynda terbiýeçiniň gürrüň berýän ertekileriniň gahrymanlary we wakalary olar üçin täsirlidir. Şonuň üçinem ertekileriň many-mazmunyny olara düşündirmek möhümdir. Bularyň üsti bilen çagalarda gürrüň bermek ukybyny hem kämilleşdirip bolýar. Kompýuterlerde ýörite slaýd şekillerini taýýarlap, dersler boýunça degişli temalara laýyk gelýän suratlary multimedia tagtasynda görkezmek mümkin. Slaýdlaryň üsti bilen çagalar özlerine gündelik tanyş bolan ýagdaýlar, wakalar, möwsümler, haýwanlar barada pikir ýöredip, gürrüň bermegi öwrenýärler.
Slaýd şekilindäki suratlar barada okuwçylara gürrüň berdirmek bolýar. Olar her bir surat boýunça özbaşdak pikirlenýärler, öz garaýyşlaryny hem aýtmagy başarýarlar. Soraglara hem jogap berip, işjeň gatnaşýarlar. Körpeler indiki sapaklara hem garaşýarlar.
Körpeler bilen sowat öwretmek sapagynda kämil tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýetli taraplary köp. Çaga multimedia tagtasyndaky taýýarlanylýan her bir şekile aýratyn üns berýär we gaýtalamaga ukyply bolýar. Munuň üçin temalar boýunça prezentasiýalar bilen işlemek, elbetde, terbiýeçilerden döredijilikli zähmeti talap edýär. Öwredilýän harplar boýunça goşmaça görkezme esbaplar taýýarlaýarys. Munda çagalar şol harplara degişli bolan şekilleri dogry kesgitlemegi başarýarlar.
Multimedia tagtasynda görkezilýän slaýd şekillerdäki suratlara çagalar uly gyzyklanma bilen seredýärler. Olara şol suratlaryň içinden «Tt», «Üü» harpyna degişli sözleri tapmak tabşyrylýar. Çagalar şonda öwrenen harplary boýunça suratdaky şekilleri ýeke-ýeke atlandyrýarlar we berlen ýumşy dogry ýerine ýetirmek üçin yhlas edýärler. Sapaklary täsirli edip gurasaň, çagalar hem şonça işjeň gatnaşýarlar. Olaryň ünsüni esasan janly-jandarlaryň suratlary, miweleriň şekilleri we erteki gahrymanlary çekýär. Şonuň üçinem görkezme esbaplaryny bular bilen baglanyşdyrmak, her mysaly çagalary gyzyklandyrjak wakalar bilen utgaşdyrmak zerur şertleriň biri bolup durýar.
Jennet NAZARLIÝEWA,
Tejen etrabyndaky 31-nji çagalar
bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Mugallymlar gazeti. 15.03.2023ý.