Häzirki wagtda ýaşlara milli we dünýä gymmatlyklaryna sarpa goýmagy, Watana wepalylygy öwretmek, ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, bilim ulgamynyň ösdürilmegine ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine oňat ýardam berilýär. Şeýle ösüşli döwrümizde ýaşlara şöhratly taryhymyzy öwretmek, olary milli ruhda terbiýelemek biz — mugallymlaryň esasy borjudyr.
Türkmenistanyň taryhy dersinde 5-nji synp okuwçylaryna şöhratly geçmişimiz öwredilýär. Şunda multimedia tagtasyndan, okuw kitabyndan we ylmy esasda işlenen usulyýetlerden peýdalanmak bolýar. Sapaklar guralanda interaktiw tagtadan peýdalanyp düşündirmek üçin dürli taryhy binalaryň suratlaryny taýýarlaýarys. 5-nji synpda okuwçylara Merw şäheri barada düşünje berlende hem şeýle taryhy suratlary multimedia tagtasynda görkezýäris. Mekdep okuwçylaryna bilimiň innowasion we multimedia serişdelerinden peýdalanyp berilmegi öwrediljek bolunýan maglumatyň gysga wagtda amala aşyrylmagynda hem-de okuwçylaryň aňynda uzak wagtlap galmagynda ähmiýeti uludyr. Bu usullar diňe bir okuw işlerinde ähmiýetli bolman, eýsem, terbiýeçilik işlerinde hem peýdalydyr. Merwiň gadymy binalaryny multimedia tagtasynda synlan okuwçylar şöhratly taryhymyza gaýybana syýahat edýärler, olar şol geçmişde ata-babalarymyzyň döreden binalaryna göz ýetirýärler.
Biz sapaklarda dürli usullardan peýdalanyp, okuwçylaryň okuwa bolan höwesini artdyrmaga çalyşýarys. Şunda sapagy bäsleşik, gaýybana syýahat görnüşinde guramak bolýar.
Sapakda okuwçylardan Merw şäheri hakynda öz pikirlerini soraýarys we olarda suratlar arkaly syýahatdan galan täsirlerini öwrenýäris. Şeýlelikde, sapagy düşündirmezden öň, okuwçylary degişli mowzuga taýýarlaýarys hem-de Merwiň taryhy binalary hakynda düşündirmäge başlaýarys. Şunda Merwiň taryhy binalarynyň Beýik Seljuklar döwletiniň döwründe gurlandygyny, şol döwürde medeni merkez hökmünde dünýä ýaýrandygyny belläp geçýäris. Şeýle hem Merwde ekerançylygyň, maldarçylygyň, hünärmentçiligiň, dokmaçylygyň, zergärçiligiň, küýzegärçiligiň, söwdanyň, ylmyň, binagärligiň hem gülläp ösendigini ýatladýarys. Esasan hem bu gadymy şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşenligi sebäpli söwdanyň ösmegine ýardam berendigini düşündirýäris. Şonda multimedia tagtasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny görkezmek bolýar. Bu ajaýyp kitapda ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki gadymy şäherleriň, Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp ugrunda ýerleşendikleri hakyndaky beýan edilýän maglumatlary okuwçylara düşündirýäris. Şeýle taryhy şäherleriň biri bolan Merwde söwdanyň ösüşi, kerwen ýollarynda gurlan kerwensaraýlar, binalar, bazarlar, howdanlar hakynda-da durup geçýäris. Merwde ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan köşkleriň, metjitleriň, medreseleriň, kümmetleriň gurulmagy, olaryň owadan nagyşlar bilen bezelmegi okuwçylarda uly täsir galdyrýar.
Bu taryhy şäher hakynda düşündirmek bilen okuwçylara ata-babalarymyzyň döreden gymmatlygyny beýan edýäris, çünki bu ajaýyp taryhy binalar geçmişimiziň şöhratly bolandygyny aňladýar. Şeýle okuwçylara Merwde ýaşap geçen meşhur alymlar hakynda maglumatlar bermek, olaryň atlaryny we ýaşan ýyllaryny multimedia tagtasynda görkezmek özüniň oňat netijesini berýär. Bu berlen maglumatlaryň okuwçylaryň ýadynda galmagyna, olary içgin öwrenmegine uly täsir ýetirýär. Tema düşnükli bolar ýaly, okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýarys. Olar özlerini gyzyklandyran maglumatlary içgin öwrenýärler. Şeýlelikde, geçilen sapak berkidilýär, okuwçylaryň bu barada oňat düşünjesiniň kemala gelmegi gazanylýar. Şeýle hem okuwçylara kitapda berlen maglumatlary öwrenmegi, Merwde ýaşan alymlar barada maglumatlary ýazyp gelmegi ýumuş hökmünde tabşyrýarys. Bu bolsa okuwçylaryň özbaşdak işlemegine, öz pikirlerini beýan etmeklerine we pikirleniş ukybynyň ösmegine ýardam edýär.
Sapagy üstünlikli, täsirli guramakda sanly tehnologiýalaryň, multimedia tagtasynyň täsiri örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge örän möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesle bu gymmatlyklary öwretmekde, olaryň milli ruhda terbiýelenmeginde taryh sapaklaryna uly orun degişlidir.
Bahargül KAKAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 31-nji orta
mekdebiň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 13.03.2023ý.