Berkarar döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde ýaşlaryň gözýetiminiň giňemegi üçin döwrebap okuw usullaryndan, sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Bu günki günde sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda bilim ulgamy hem özgertmelere eýe bolýar. Sanly bilim ulgamynyň döwrebaplygy ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürýär.
Şonuň üçin hem bu günki gün ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek, döwrebap bilimlerden habarly hem-de tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmen edip ýetişdirmek ugrunda örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurduň geljekki ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän ýaşlar ýurdumyzyň şu güni hem geljegidir. Bu babatda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin aýratyn alada edilýär.
Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar talyplaryň has giň möçberdäki maglumaty özleşdirmegine ýardam edýär, ýagny, maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýle-de bu mümkinçilikler ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, ýaşlar internet tory arkaly dünýäniň okuw merkezleri bilen tanşyp durýarlar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şonuň netijesinde döwrebap bilimlerden baş çykarýan ýaş hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Ussat hünärmenleriň sanynyň artmagy bolsa, ýurduň kuwwatynyň barha berkemegine alyp barýar.
Ýaşlaryň kämil bilim almagy barada döwletimiz tarapyndan alada edilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmäge, watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemäge, taryhymyza, medeniýetimize buýsanç döretmäge hemaýat edýär. Ýaşlar hakyndaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Şanazar AÝNAZAROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 13.03.2023ý.