OKUWÇYLARA GALAM BILEN SURAT ÇEKMEGI ÖWRETMEK

Döwrebap mümkinçilikleriň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, bilim bermegiň iň kämil usullary işlenip düzülýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde sapagy guramaçylykly alyp barmagyň döwrebap usullary kemala gelýär. Sapaklaryň guramaçylykly alnyp barylmagy okuwçylaryň kämilleşmegine, alýan bilimlerini oňat özleşdirmeklerine, geçilýän tema düşünmeklerine ýardam edýär. Şonuň üçin hem, mugallymlar sapak guramagyň ylmy esasda işlenen görnüşlerini yzygiderli öwrenýärler, her bir okuwçynyň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanýarlar.

5-nji synp okuwçylary bilen şekillendiriş sungaty dersi geçilende okuwçylaryň aňynyň ösmegine, başarnyklarynyň kemala gelmegine mümkinçilik döreýär. Şeýle hem şekillendiriş sungatynyň üsti bilen, olar surat çekmegiň aýratynlyklary, şeýle-de sungatyň syrly dünýäsi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Bu sapakda okuwçylar diňe bir surat çekmegiň däl, eýsem, bezeg işini ýerine ýetirmegiň, şekil ýasamagyň, gurnamagyň tärlerini hem öwrenýärler. Sungat adamyň ruhuny terbiýeleýär. Şonuň üçin hem, sapak guralanda görkezme esbaplaryndan, multimedia tagtasyndan peýdalanyp, şekilleriň suratlary görkezilýär.

5-nji synp okuwçylary bilen «Galam bilen surat çekmek» temasyny geçenimizde surat çekmegiň birnäçe tärleriniň bardygyny olara düşündirýäris. Mysal üçin, okuwçylara surat çekmegiň ilkinji düzgünlerini öwredýäris. Okuwçylara zatlaryň daş keşbini, gurluşyny öwrenmek üçin gara galam bilen türgenleşmegiň zerurdygyny aýdýarys. Multimedia tagtasynda görkezilen küýzäniň şekillerini gara galamda çekmegiň ugurlaryny öwredip, aýratynlyklaryny düşündirýäris. Şunda okuwçylaryň surat çekmek ukyby kemala gelýär. Olar gara galam bilen küýzäniň suratyny, şekilini emele getirýärler. Bu olaryň surat çekmegiň ýönekeý usullaryndan baş alyp çykýandygyny beýan edýär. Şeýlelikde, okuwçylar surat çekmekde zatlary gysga wagtda dogry şekillendirmegiň tärlerini ele alýarlar.

Okuwçylaryň gara galamda çeken şekillerini synlaýarys, olara degişli düzedişleri berýäris hem-de şekilleriň daşky keşbini çekmekde her bir okuwça belliklerimizi beýan edýäris. Her bir zadyň daş görnüşi, gurluşy, ölçeg gatnaşyklary bolýar. Şu aýratynlyklara okuwçylaryň ünsüni çekip, ýatladyp durmaly bolýar. Şonda okuwçylar çekýän suratynyň diňe bir daş keşbini däl, eýsem, ölçeglerini hem dogry ýerine ýetirmäge synanyşarlar.

Mundan başga-da, multimedia tagtasynda güldanyň, çäýnegiň we käsäniň çekilen şekillerini görkezmek bolýar. Şunda okuwçylar çekilen şekilleri synlaýarlar we olaryň çekilişi hakynda öz pikirlerini aýdýarlar. Bu olaryň şekillendiriş sungaty hakyndaky pikirleriniň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle hem okuwçylaryň bu ugurdan özbaşdak pikirlenmelerini ösdürýär.

Çäýnegiň ýa-da suw guýmak üçin niýetlenen gaplaryň has çylşyrymly gurluşy bolýar. Gap-gaçlaryň aglabasynyň şekili deňýanlydyr. Şu sebäpden, çäýnegiň suraty çekilende, ilki merkezi çyzygy geçirmeli, soňra umumydan anyga geçmek arkaly onuň şekilini gurmaly bolýar. Gap-gaçlaryň suratyny çekmek üçin tegelegi, süýri şekili dogry şekillendirmegi öwretmek zerur bolup durýar. Çünki olaryň köpüsiniň agzy, düýbi tegelek şekillidir. Okuwçylara bular barada maglumat bermek bilen, şekilleri multimedia tagtasynda aýdyň görkezmek bolýar. Bular barada okuwçylar bilen sorag-jogap hem guraýarys. Sapagyň mazmuny düşnükli bolandan soňra, okuwçylara öýe ýumuş hökmünde gap-gaçlaryň biriniň suratyny çekmegi tabşyrmak bolar.

 

Gülälek TÄÇMYRADOWA,

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt

dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta

mekdebiň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 06.03.2023ý.

Meňzeş habarlar