Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ösüşlerini üpjün edýär. Şeýle beýik işleriň hatarynda bilim özgertmelerini hem aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar.
Şöhratly taryhymyzda ylym-bilim öwrenmek, ýaşlary terbiýelemek ýaly asylly ýörelgeler kemala gelipdir. Bu günki ajaýyp döwrümizde hem şeýle asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär, döwrebap ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da guwandyryjy ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu günki gün ýaşlarymyz bilim öwrenmäge, kämil hünärmenler bolmaga ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Bu buýsançly hakykat ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ýokary göterilip, ylym-bilimiň barha rowaçlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulanyp, medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanmagyň ýolunda ynamly ädimleri ädýändigine doly şaýatlyk edýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň gadymy şöhratyny, bu günki ýeten belent derejelerini äleme ýaýýar.
Döwletimizde hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, türkmeniň milli ruhunda we watansöýüjilik taglymatynda terbiýelenýän, kämil hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, bilim portalynyň okyjylarynyň barha köpelýändigini bellemek gerek. Şeýle hem ýaşlar sanly ulgama oňat düşünip, elektron kitaplary, ylmy maglumatlary yzygiderli okaýarlar. Bu bolsa olaryň dünýägaraýşynyň ösmegine we ylym-bilimden habarly bolmaklaryna ýardam edýär.
Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdelerden peýdalanyp berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar. Bu babatda bilim edaralarynyň, esasan hem, professor-mugallymlaryň döredijilikli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Bilim işgärleri ýaşlaryň bilim almaklary üçin zerur bolan usulyýet sapagyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, degişli ugurlar boýunça gollanmalar taýýarlaýarlar. Bu gollanmalarda beýan edilýän ylmy garaýyşlar bolsa, ýaşlaryň öz hünär ugurlaryny kämilleşdirmeklerinde ylym-bilim çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki günde bilim işgärleri ýaşlaryň terbiýesine, bilim öwrenmeklerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze innowasion tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha oňyn netijelere eýe bolýar. Şeýle beýik işler bolsa her bir ildeşimizi, esasan hem, ýaş neslimizi buýsandyrýar, ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Ylymly, bilimli ýaş nesle eşretli zamanamyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Mekan ABDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 06.03.2023ý.