Dil aragatnaşyk serişdesidir. Aragatnaşykda diliň ulanylmagy bolsa sözleýişdir. Şeýlelikde, akyl terbiýesiniň iň wajyp ugry çaganyň sözleýşini ösdürmekden, onuň zehinini açmakdan ybaratdyr.
Çaganyň sözleýşiniň ösmegine daş-töwerekdäki hadysalar hem täsir edýär. Eger çaga şol täsirlerden netije çykaryp, täze duýgulary alyp bilmese, onda onuň sözleýşinde kemçilikler ýüze çykyp ugraýar. Çaganyň sözleýşiniň ösmegine onuň beýnisiniň işjeňligi, ýatkeşligi, pikir ýöredip bilşi, ünsi hem täsir edýär. Çagalaryň sözleýşiniň derejesini ýüze çykarmak üçin biz öz toparymyzdaky ähli çagalaryň sözleýşini barlap durýarys. Çaganyň sözleýşindäki kemçilikleri oýunda, sapakda, olar bilen özara gepleşikde anyklap, synlap bolýar. Barlag geçirilende dürli suratlardan, ýörite köp sesleri öz içine alyp bilýän suratly albomlardan, bukjalardan, dürli wideo, ses ýazgylaryndan peýdalanýarys.
Kiçi toparlarda körpeler bilen gaty we ýuwaş gepleşip, sesleri meňzedip aýdyp bilmeklerini öwredýäris. Körpelere bu hereketler gyzykly bolar ýaly, olary oýun görnüşinde hem-de erteki gürrüň bermek arkaly täsirli gurap bolýar.
Mundan başga-da, uly toparlardaky çagalaryň çekimli we çekimsiz sesleriň aýdylyşyny, uzyn we gysga, açyk-dymyk sesleri tapawutlandyrmagy, sözleýişde gabat gelýän kyn sözleri dogry aýtmak başarnyklaryny kämilleşdirýäris. Çagalar türkmen edebi diliniň kadasyna laýyklykda dogry hem düşnükli, baglanyşykly, mazmunly gürlemegi başarmalydyrlar. Bu talaplaryň doly amala aşmagy üçin terbiýeçi we maşgalanyň işi sazlaşykly bolmaly. Çaga sözleri dogry gaýtalap biler ýaly, onuň eşidiş ulgamlarynyň düzüw bolmagy zerurdyr. Şonuň üçin çaganyň ata-enesi çagany gaty seslerden, gaty gürlemekden goramaly.
Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde halkyň ruhy hazynasy bolan halk döredijiligimiz uly mekdepdir. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan halk döredijilik eserlerinden peýdalanmak bilen çagalaryň söz baýlygyny, dil medeniýetini ösdürmek bolýar. Mysal üçin, matallar halk döredijiliginiň giň ýaýran görnüşleriniň biri bolup, ol çagalara pikirlenmek duýgusyny kämilleşdirmäge, göz öňüne getirmäge, deňeşdirmäge, göçme manyda berilýän sözlere, sözlemlere düşünmek ukybyny ösdürmäge uly ýardam berýär. Şeýle-de ýaňyltmaçlar, nakyllar, sanawaçlar, ýomaklar, şorta sözler, ertekiler çagalaryň dil medeniýetini terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Olary dogry we ýerlikli peýdalanmak bilen, beýnisi berkäp gelýän çagada ýagşyny söýmek, öz pikiriňi sowatly beýan etmek, dil baýlygyny artdyrmak ýaly endikleri kemala getirmek bolýar.
Ösüp gelýän ýaş nesliň dürs gürläp, öz pikirini beýan edip bilmegi terbiýeçiniň irginsiz zähmetine baglydyr. Şonuň üçin-de guralýan sapaklarda körpeler bilen sazlaşykly işlemek, olaryň şahsy aýratynlyklaryny nazara alyp, olaryň dogry we dürs sözleýşini gazanmak hökmanydyr.
Merýemgül GURBANOWA,
Balkanabat şäherindäki 7-nji çagalar
bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Mugallymlar gazeti. 01.03.2023ý.