Döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan, şan-şöhraty dünýä dolan Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, olarda sporta bolan höwesi artdyryp, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ruhy tämiz, kalby päk, ahlagy arassa, dünýägaraýşy giň, halallygy hemişe özüne ýaran edinen ýaşlary ýetişdirmek döwlet Baştutanymyzyň ýurtda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň, hususan-da, ýaşlar we sport syýasatynyň özenini düzýär. Çünki biz diňe şeýle ýaşlar bilen ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip, ösdürip bileris. Şeýle ruhda terbiýelenen ýaşlar bolsa elbetde, biziň guwanjymyz, daýanjymyzdyr.
Gysga döwrüň içinde güneşli ülkämizde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzda we welaýatymyzda gurlup ulanylmaga berlen dürli sport mekdepleri, sport toplumlary, stadionlar ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Biziň etrabymyzda hem gurlup ulanylmaga berlen “Garagum” sport toplumynda ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek we olaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmak, şeýle-de sportda milli türgenleri ýetişdirmek ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Sportuň birnäçe görnüşi boýunça meşgullanmaga giň mümkinçiligi bolan sport mekdebinde ýaşlara sportuň dokuz görnüşi boýunça tälim berilýär. Bu ýerde tälim alýan ýaş türgenlerimiz geçirilýän sport bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bilen döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklere çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.
Şeýle aladalara jogap edip, biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň işgärleri bolup, etrap bedenterbiýe we sport bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” 48-nji bendinden ugur alyp, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, olary sporta we bedenterbiýä giňişleýin çekmek we olarda söýgi döretmek hem-de ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmaklaryny gazanmak maksady bilen “Sagdyn nesil-bagtly nesil”, “Uçýan top”, “Kümüş halka”, “Sport-saglygyň gözbaşy”, “Sport-sagdynlygyň girewi” atly şygarlar astynda ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri yzygiderlilikde geçirýäris.
Ruhubelentlik bilen guralýan sport çäreleri ýaşlaryň kalbynda dostluk duýgusyny terbiýeläp, sagdyn ýaşaýyşa gönükdirýär we olary beden we ruhy taýdan gujur-gaýratly, güýçli edýär beýik ýeňişlere ruhlandyrýar.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.