“ENE-KERAMATDYR,ENE-KEREMDIR”

Ene-bu uly dünýä. Şol dünýäniň içinde hem uly söýgi ýaşaýar. Şu ýerde men ejemiň maňa ilkinji gezek çöreklik hamyr etmegi öwredişini ýatlasym geldi.

- Türkmenlerde çöreklik hamyr edilende “Ýedi suwuny berdiňmi?” diýilýändir. Ana, şol ýedi suw diýilýänini bermeseň, hamyryň hamyra meňzemez, ýedi gezek suwlap, mazaly suwuny siňdireniňden soň, hamyryň özi “Men boldum” diýip gygyryberer —  diýdi-de, mähriban käbäm maňa şu sanawajy aýdyp berdi:

Bir suw içdim bulaşdym,

Ikinjide ilişdim,

Üç suw içdim üzüldim,

Dördünjide düzüldim,

Bäşinjide batdygym,

Alty suwda atdygym,

Ýedinjide ýetdigim,

Hamyr bolup bitdigim.

- Ine, ýagşy eýi ýeten hamyryňam öz sanawajy bardyr. Indi, tamdyra salynmanka we salnandan soň, hamyra bermeli ýedi suwy hem aýdyp bereýin- diýip, ejem ýene-de sanap başlady:

- Tamdyryň başynda çöregi ýasap bolansoň ýelmemänkäň, suwa eliňi ölläp, çöregiň arkasyna gezdirmeli, muňa “alkyş suwy” diýilýändir. Ýagny, çörek bişirmäge gurbat, rysgal-döwlet bereni üçin beýik Allatagala içiňden alkyş aýdarsyň.

Çöregi ýelmäniňden soň hamyryň ýüzi gaýzygyp ugranda “ak suwy” berilýändir,

Çörek tamdyrda ýaňy gyzaryp başlanda “gaýzak suwy” ;

Çörek gowy gyzarandan soň “gyzyl suwy” ;

Çöregi tamdyrdan çykarmazdan 1-2 minut öňräk “görk suwy” ;

Çöregi tamdyrdan çykaran badyňa, eliň aýasyna azajyk suw alyp, çöregiň ýüzüne sepelärsiň, ýagny “ýüz suwuny” berersiň- diýdi-de ejem, mylaýym ýylgyrdy. Mähriban käbäm, ýene sözüni dowam etdi.

-Ikinji çykaran çöregiňden döwüp, suwa batyrarsyň-da, çagalara paýlarsyň. Ilkinji çöregiňi hergiz tamdyryň başynda döwüji bolmagyn, sebäbi ol birnäçe çöregi, rysgaly yzyna tirkän çörekdir. Ýöne, şu ýerde ýene bir zady berk bellegin, hergiz çöregiň kökesiz bolmasyn, sebäbi türkmençilikde “Çöregi kökesiz bişirseň, öýde çaga örňemez” diýen yrym bardyr-  diýende, men ejeme:

 - Käbäm , siz-ä maňa köp zatlary öwretdiňiz- diýip, buýsançly ýüzlendim. Şonda ejem:

 - Gyzym jan, entek bu hemmesi däl, munça bolanyna görä, tamdyryň başyna eltilen bedreli suwuňy nähili ulanmalydygyny hem bilip goýsaň gowy bolar. Şol bedreli suwuňam ýedi zada ýetirmelidir -diýip, sözüni dowam etdi.

-Bedreden üç gezek eliň aýasyna suw alyp, owurtlamaly. Bu şehitleriň ýoluna sadaka diýmekdir. Tamdyryň dört tarapyna bedredäki suwdan sepelemeli. Bu bolsa, tamdyryň töweregindäki arwah-jynlary kowmakdyr. Bedredäki suwuňdan tamdyryň içindäki közüň üstüne sepeläp, “Dagyň bilen ýandyrma, ýyly howruňa gurban” diýersiň-de, oduňy söndürersiň. Çöregiň ýelmenjek ýerini suwlap, gaty gyzan tamdyry kadalaşdyrmaly. Muňa “arka suwy” diýilýändir. Bedredäki suwuňdan hamyr eden jamyňy ýuwmalydyr, sebäbi jam başga suw bilen ýuwulsa, rysgalyň gidermiş. Çöregiňi tamdyrdan çykaranyňdan soňra bedredäki suwdan sepeläp, közüňi söndürmeli, bolmasa körükler açylansoň, şemala közleriň körügip, çöp-çalama düşmegi mümkindir. Suwlamak işleri doly gutarandan soň bedräniň düýbünde galan suwy tamdyryň golaýyndaky bagyň düýbüne guýmaly. Çörek bişirip bolansoň, bag saňa seredip: “Haçan maňa şol suwdan bererkä?” diýip, garaşyp oturarmyş.-diýdi-de, sözüni soňlady. Men bolsa, hemişe hamyr edenimde mähriban käbämiň bu aýdanlary gulagymda ýaňlanýan ýaly bolýar. Ejemiň maňa aýdan şu sargydyny men hem öz deň-duşlaryma ýetirmegi makul bildim.

         Hawa, durmuşyň müň bir kynçylykly ýoly adam üçin uly synag. Olary ýeňip geçmek üçin mertlik gerek, ýürekdäki şol mertligi biz enelerimiziň barlygynda has-da aýdyň duýýarys. Sebäbi, eneler biziň ilkinji mugallymymyz, hünär-edep öwredýän halypamyz, söýgüsi, soňsuz yhlasy bilen kalbymyza giren mähribanymyzdyr. Olaryň pähim-paýhasy öý-ojagyň rysgal döwletiniň hamyrmaýasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy dünýä indiren, ösdürip kemala getiren we halkyň Arkadagly Serdaryna yhlas siňdiren Ogulabat ejemiz hem, beýik durmuş ýoly, çäksiz kämilligi bilen “ENE” diýen beýik düşünjäni belentliklere göteren halypa mugallymymyzdyr. Ýörän ýoly ýörelge, ähli enelere görelde bolan, öz mähribanlygy, mylaýymlygy, nuranalygy bilen ýüreklerde öçmejek yz goýan Ogulabat ejäniň aramyzdan gitmegi bolsa, her birimiziň kalbymyzda çuňňur gynanjy döretdi. Ogulabat ejäniň nurana keşbi ýüreklerimizde ebedi ýaşar. Goý, Ogulabat enemiziň türkmen zenanlaryna mahsus nusgalyk görüm-göreldesi geljekki nesiller üçin dowam bolsun!

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 1 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

30 Iýun 2025 | 544 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 564 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER