Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ruhy baýlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna, aň-paýhas kämilligine uly ýardam edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, Türkmenbaşy etrap Merkezi kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Kitap-halkyň ruhy hazynasy” ady bilen geçiren maslahat duşuşygy hem täsirli boldy. Maslahatda çykyş edenler halkyň aň kämilliginde kitaba uly orun degişlidir. Elbetde, munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işleriň ählisiniň özeninde durýar. Milli Liderimiz bu babatda: “Amala aşyrýan özgertmelerimiz çuň mazmunly eserleriň, çeper kitaplaryň üsti bilen halkymyzyň, aýratynda ýaş nesliň aňyna ýetirmelidir” diýip belleýär. Kitaphanalaryň kitaplar bilen birkemsiz üpjün edilmegi, olaryň işleriniň düýpli kämilleşdirilmegi, elektron görnüşli kitaplar bilen üpjün edilmegi bu günki günde giň gerime eýe boldy. Bu bolsa mähriban halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlarymyzyň dünýägaraýşyny, kitaba, bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de döwletimiziň, tutuş jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşlerine uly ýardam edýär diýip, buýsanç bilen bellediler.
Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň Hak Howandary Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri belentden ýaňlandy.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.