Jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň çeşmesi bolan kitap adamzat durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Çünki jemgyýetiň ösmeginde, ynsan gözýetiminiň giňelmeginde kitap ruhy hazyna bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň kitaba sarpa goýmakda hem-de döredijilikde nusgalyk görelde bolmagy bu ugurdaky işleriň barha öňe ilerlemegine getirýär. Milli Liderimiziň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplar halkymyz üçin ylym-bilim we terbiýe mekdebidir.
TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň gurnamagynda etrap kitaphanasynda, etrap harby bölüminiň esgerleriniň gatnaşmaklarynda “Kitap okan bagta ýeter” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan her bir kitaby bize ýol görkezýän şamçyrag bolup hyzmat edýär diýip kitaphana işgärleri buýsanç bilen belläp geçdiler.
Serginiň ahyrynda ajaýyp zamanamyzda berkarar Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bägül BOÝALYÝEWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.