“Sport ösüşlere badalga”

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna hem-de halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýar diýip buýsanç bilen belläp geçilýär.  Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň berk bedenli, ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda durmuşa geçirilýän işler, sport ulgamynda alynyp barylýan özgerişler, sportyň ynsan durmuşyndaky orny barada edilýän aladalary durmuşa geçirmek maksady bilen TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşi, Sport mekdebi bilen bilelikde etrabyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Sport ösüşlere badalga” atly sportyň woleýbol görnüşi boýunça ýaryşyny geçirdi. Turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenen ýaryş çekeleşikliligi bilen tapawutlandy. Bäsleşigiň ahyrynda I-orna Magtymguly etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçy oglanlary, II-orna 13-nji orta mekdebiň oglanlary, III-orna 19-njy orta mekdebiň oglanlary mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňijiler ýerli Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary bilen sylaglandylar .

 

 

Bägül BOÝALYÝEWA,

TMÝG-niň Magtymguly etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR