Düýe maly, dünýe maly!

Gadym türkmen halkymyzyň  düýedarçylyk kärini şu günki gün hem dowam edip, ýurdumyzda düýe malyna uly üns berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň  “Paýhas çesmesi”  kitabynda düýe hakynda birnäçe nakyllar bar “Aňmaza düýe görünmez”, “Kiçi ýüke düýe-de tiz çöker”, “Laçyn bilen düýe awlanmaz”, “At alsaň gunan al, düýe alsaň-inen”, “At tapýançaň, eşek sakla, düýe tapýançaň-köşek” ýaly birnäçe nakyllary mysal getirmek bolar. Düýe maly diýseň ýatkeş jandar. Gije bolsun, gündiz bolsun, asla ýolundan azaşmaýar. Duýgur hem düşbiligi bilen tapawutlanýarlar. Ol köplenç bulanyk suw içmegi halaýar. Kenardan suwa inäýse dagy, suwy aýagy bilen bulandyryp, şondan soň içip başlaýar...Düýeleriň uzak wagtlap suwsuz oňýandygy hem olaryň özboluşly tarapydyr. Düýe maly örän ir döwürlerde eldekileşdirilipdir we türkmen maldarçylyk pudagynda gaty ir döwürden bäri orun alyp gelýär. Onuň bir örküçli, “Arwana” diýlip atlandyrylan görnüşi türkmen  sähralaryna uýgunlaşan maldyr. Olar Türkmenistanyň çäklerinde iş we ulag maly hökmünde ulanylmaga başlapdyr. Düýe dünýäniň Aziýa, Afrika yklymlarynyň, Arap halklarynyň haýwanat dünýäsinde hem giňden ýaýrandyr. Şeýle hem, ol sebitlerde goşa örküçli düýeler köp duş gelýär.

Jokrama tomus paslynyň dowam edýän günlerinde sowujak içgileri, aýratyn-da, düýe çalyny içmek jana hoş ýaraýar. Jöwzaly yssy howada teşneligiňi gandyrýar. Düýe çalyny içeniňde bolsa dünýäň giňeýär. Düýäniň süýdünden taýýarlanylýan düýe çaly diňe bir tagamly içgi bolman, eýsem onuň dermanlyk häsiýeti adamzada gadym döwürlerden bäri mälimdir. Düýe çaly –düýe süýdünden taýýarlanylýan ýakymly turşumtyk tagamly içgidir. Ony taýýarlamak (çal tutmak) işi arassaçylyk kadalarynyň örän berk berjaý edilmegini talap edýär. Çal tutmak üçin ýaňyja saglan düýe süýdi süzülip, çigligine, gönezlik üçin niýetlenen goruň üstüne guýulýar. Şondan 20-25 minut geçenden soň, goruň üstüne goýy köpürjik emele gelýär. Oňa bolsa “Agaran” diýilýär. Howanyň yssy günlerinde teşneligi gandyrmak, bedeni aşa gyzmakdan goramak üçin ilkinji maslahat berilýän içgi düýe çalydyr. Çal aşgazanyň iýmit siňdirijilik ukybyny ýokarlandyrýar, bagyr çişmesini, dem alyş ýollaryndaky hassalygy, sary getirmäni bejermekde uly ähmiýete eýedir. Düýe çalyny içen adamyň ukusy kadalaşýar, ýatkeşligi ýitelýär we akyl zähmetine bolan ukyby ýokarlanýar. Düýe saklanýan öýe rysgal-bereket ýagýandygy baradaky ynanç halkymyzyň arasynda giňden ýaýrandyr. Türkmen halky düýe bilen bagly wakalary mydama gowulyga ýorýar. Enelerimiziň agtyklaryny, çowluklaryny “köşegim”, “inerim”, “maýam” diýip söýgüleýändigini hemmämiz bilýäris. Halkymyzyň ruhy ahwalynda mynasyp orun alan bu jandaryň ähli babatda dünýe malyna deňelýändigi hem döwletliligi nazarlaýandygy aýdyň görünip durandyr.

 

Güljahan GARAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR