Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda uly üstünliklere eýe bolýar. Jemgyýetimiziň sütüni bolan beýik işlere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýan, maşgalanyň abraýyny gorap, zamanamyza sagdyn ruhly, berk bedenli perzentleri berýän öý-ojaklaryna nur çaýyp oturan eneler milletimiziň buýsanjydyr hem guwanjydyr. Olar öz perzentlerini ata-babalarymyzdan gelýän lebzihalallyk, sahylyk, myhmansöýerlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetleriň ruhunda terbiýeleýärler. Bu borja hötde gelmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri ýol görkezýän şamçyrag bolup hyzmat edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserinde “Halkymyzda ynsap adamkärçiligiň iň gymmatly ölçegi hasap edilýär. Ene-atadan nesle geçýän iň asylly gymmatlyk ynsapdyr” diýip belleýär. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, mertlik, rehimdarlyk, agzybirlik, dostluk, ýaly düşünjelerini nakyllaryň, atalar sözleriniň, tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ýaş nesilleriň aňyna ornaşdyrandyklaryny, şeýdibem ýaşlarda adamkärçiligiň iň asylly sypatlaryny kemala getirendikleri barada bu eserde çeperçilik bilen beýan edilýär.
Bu bolsa ýaş nesillerimiziň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ösen pikirli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Jemgyýetiň özgermeginde şahsyýetiň orny we täsiri örän uludyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň edepli-terbiýeli, ylymly-bilimli, giň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan her bir tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Baýramgül SARAÝEWA,
TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.