Asyrlaryň dowamynda bitewiligini saklap gelen türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösmegine goşan goşandy sanardan köpdür. Şol maddy medeniýetleriň biri-de onuň joşgunly ruhy dünýäsiniň goşa ganaty bolan bedewlerdir. Her bir il bähbitli işe dykgatly nazaryny aýlap bilýän pederlerimiz ençeme müňýyllyklaryň dowamynda irginsiz zähmet çekip, dünýäde iň owadan, diýseň ýyndam, gyz gözellikli, peri basyşly atlary kemala getiripdirler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baky buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz dogrusynda söhbet açýan “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” “Ganatly bedewler” atly kitaplary ýelden ýüwrük, ýyndam bedewlerimiz dogrusynda pähim-paýhasa ýugrulan buýsanç dessanlary hökmünde diňe bir türkmen okyjylarynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem gyzgyn söýgüsine eýe boldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge gönükdirýän aladasy özüniň şirin miwelerini berýär. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan dünyä nusgalyk beýik ösüşlerimiziň bedew bady bilen deňeşdirilmegi diýseň çuňňur mana eýedir. Hem millilige, hem ynsanperwerlige ýugrulan bu jaýdar jümle ýurdumyzyň durmuşynda ähli ugurlar babatda amala aşyrylýan ösüşleriň beýik taglymatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz özümiziň bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyzdyr we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzyň çeşmesidir” diýen buýsançly sözleri Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen bedewlerine goýýan hormat-sarpasynyň bimöçberdigini aýdyňlygy bilen subut edýär.
Geçmişde ata-babalarymyz gamyşgulak türkmen bedewlerine uly sarpa goýupdyrlar, ony mukaddes hasaplapdyrlar. Şonuň üçinem Türkmen bedewiniň milli baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen toýlanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň şu günki bagtyýar günlerinde hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň şanyna toýlar ruhubelentlikde toýlanýar. Şeýle ajaýyp baýram gününde ähli türkmen halkyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Goý, behişdi bedewlerimiziň gadyr-gymmatyny bilip, olaryň şan-şöhradyny dünýä ýaýmakda uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, beýik maksatly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýnatäç NEDIROWA,
TMÝG-niň “Türkmennebit” Döwlet konserniniň
şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.