GÖZELLIGIŇ NUSGAWY KEŞBI

Ene ynsan üçin gudrat, keramat. Ene-görüm-görelde we edep-terbiýe mekdebi. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekram göreldesi müňýyllyklaryň sanawyndan geçen, terbiýäniň dury akabasyndan gözbaş alýan nusgalyk mekdebe öwrülipdir“ diýip jaýdar belleýär.  Çünki öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden –nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirip gelýärler.

Türkmen halky asyrlar boýy ýaş nesli belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Eziz Arkadagymyz “Ösüp gelýän ýaş nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda  ata watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgylaryny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmaty örän ulydyr. Mährem enelerimiziň ýagşylyk etmek, zähmeti söýmek, akýürekli bolmak, ululary sylamak hakyndaky öwüt ündewleri, ýokary ahlakly, dogruçyl, watançy, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirmekde edep we terbiýe mekdebidir”.

Taryhy çeşmelerden, ruhy dünýäniň mizemez beýany bolan milli edebiýatymyzyň dürli görnüşlerinden, däp-dessurlarymyzdan görnüşi ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri, zenanlara mukaddeslik höküminde garap gelýär. Olaryň gözelligi, belent ahlak keşbi bu baky juwan toprakda ajaýyp ruhy dünýäni berkarar etdi.

Ene türkmen halkynda mukaddes käbä deňelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda enelik ähli halk hormatyna we sylagyna mynasyp bolýar. Döwlet eneligi goraýar we ony höweslendirýär. Eneleriň we çagalaryň bähbitleriniň, aýallaryň zähmetiniň we saglygynyň goralmagy, zenanlara enelik bilen bagly, zähmet bilen utgaşykly şertleriň döredilmegi ýaly mukaddes işler Arkadag Prezidentimiziň saýasynda  döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Eneleriň maddy we ruhy taýdan goldanylmagy, olaryň hukuk goragynyň amala aşyrylmagy üçin bagtyýar ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň zenanlaryna bagtyýar ýaşamaga, arkaýyn işlemäge, maşgala gurmaga, perzent terbiýelemäge döwlet tarapyndan ähli hukuklar, goldawlar we mümkinçilikler berilýär. Zenan bagty ýurt parahatçylygyna , maşgala sazlaşygyna bagly bolýar. Asuda ilimizde, bagtyýar döwrümizde zenanlarymyz baky bagtyň gujagynda ýaşaýarlar. Türkmen döwletiniň kanunçylyk binýadynda hem aýallar bilen erkekleriň deňhukuklylygy pugta berkidilen. Diňe bir jemgyýetçilik gatnaşyklarynda däl, eýsem, syýasy, zähmet gatnaşyklarynda-da gender deňligini üpjün edýän kanunlar bar. “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky“ Türkmenistanyň kanunynyň kesgitlän kepillikleri hem hormatly Prezidentimiziň  türkmen zenanlarynyň, gelin-gyzlarynyň bolelin, erkana durmuşda ýaşamagy üçin edýän taýsyz tagallalarynyň biri boldy. Arkadagly Serdarymyzyň  häzirki döwürde alyp barýan döwlet syýasatynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ösdürmek, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, maşgalanyň çaganyň we enäniň hukuklaryny goramak, zenanlaryň saglygy, dynç alyşy üçin ähli şertler döredilen. Döwletimizde zenanlara uly sarpa goýulýar, eneligi we çagalygy goramaga , maşgalany berkitmäge gönükdirlen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan-da köp- çaga dogrup, terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri“ diýen hormatly adyň dakylmagy  zähmetiň belent nusgalaryny görkezen zenanlarymyza Türkmenistanyň „Zenan kalby“ ordeniniň berilmegi,   baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň körpe gyzjagazlaryndan başlap, ýaşuly zenanlara çenli Arkadagly Serdarymyzyň pul sowgadynyň berilmegi, ähli ýerde zenanlaryň şanyna baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegi bagtyýar durmuşumyzda zenanlara goýulýan belent hormatdan aýdyň nyşandyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe beýik işlere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýan, maşgalanyň abraýyny gorap, zamanamyza sagdyn ruhly, berk bedenli perzentleri berýän öý-ojaklaryna nur çaýyp oturan eneler milletimiziň buýsanjydyr hem guwanjydyr. Olar ata-babalarymyzdan gelýän ruhy gymmatlyklarymyzy sünnäläp, geljekki nesillerimize ýetirýän, akylly-başly sagdyn nesli kemala getirýän ejelerimiz hem mähriban enelerimizdir.

Bu gün türkmen zenany mugallym, lukman, alym, ýazyjy, şahyr, kärendeçi, telekeçi, sagymçy, ýygymçy, zähmetsöýer oba-hojalykçy, bolup, uly at-abraýyň,  hormat-sylagyň eýeleri bolup, beýik ösüşlerimize saldamly goşant goşýarlar. Magtymguly atamyzyň:

“Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa“

diýip ýazyşy ýaly, zenansyz, gyz-gelinsiz manyly durmuşy göz öňünde getirip bolmaýar.

Hakykatdan hem türkmen zenanlary belent waspa mynasyp. Sebäbini aýdanyňda olar diňe bir gözelligi bilen däl-de, eýsem zähmetsöýerligi bilen hem belent nusgadyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň ellerinden dür dökülýär, ajaýyp sungat kemala gelýär. Keşde çekip darak kakýan gelen-gyzlarymyz gözelligi kämil eser derejesine ýetirýärler. Şonuň üçin hem gadymy döwürlerden türkmen halysynyň gözelligi görenleri haýrana goýýar. Şeýle gözel halylary dokaýan türkmen zenanlary bolsa, belent waspa eýedirler. Belki, şonuň üçin hem olaryň ajaýyp keşbi edebiýatymyzyň, halk döredijiligimiziň eserlerini bezeýär.

Goý türkmen zenanlarynyň mertebesini beýgeldip, bagtyýar durmuşy bagyş eden, gülläp ösýän watanymyzyň saýasynda ertirki gelejege ynamly ýaşamaga ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Serdarymyzyň  jany sag, başy dik il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan her bir tutumly işleri rowaç alsyn.

 

Baýramgül SARAÝEWA,

TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR