TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk institutynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmen bedewiniň milli baýramy” mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Bedew-her bir ynsanyň ýakyn dosty, syrdaşy. Tebigatyň gözel goýnuna atly gezelenç etmek, uzak aralyga at çapmak, at münmek ynsan saglygy üçin diýseň ähmiýetlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk sportynyň ösdürilmegi bilen ýurdumyzda at çapyşyklary, päsgelçiliklerden böküp geçmek ýaly birnäçe ýaryşlar yzygiderli geçirilýär diýlip maslahatda çykyş edenler bellediler. Häzirki wagtda her bir baýramçylygyň, toýuň bezegine öwrülen gamyşgulak bedew atlarymyz biziň gözümiziň guwanjydyr. Köňlümiziň buýsanjydyr. Bedew bady bilen ösýän özgerýän ata Watanymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramynyň ulydan bellenilmegi ýurdumyzda bedew atlara bolan hormatdan, sylagdan nyşandyr.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY