EDEP-TERBIÝE-KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurduň daýanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berip gelýän halkymyz bu ugurda uly işler durmuşa ornaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir” diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýurdumyzda kämil nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

         Sagdyn durmuş ýörelgelerine ündemek, olaryň ahlak terbiýesi, maşgalanyň we bilim edarasynyň orny barada ýaşlara wagyz etmek maksady bilen 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Edep-terbiýe-kämilligiň gözbaşy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy, IÝG-niň agzasy Begenç Işkurbanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Gülşirin Mamedowa, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň başlygy Rinat Hudaýberdiýew çykyş etdiler.

Gülşirin MAMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY