Türkmenistanyň islendik künjeginde gadymy rowaýatlar bilen baglanyşykly ýerler bar.Üstünden beýik ýüpek ýoly geçen Gyzylarbat etraby hem gadymy ýadygärliklere, medeni-gymmatlyklara, tebigy gözelliklere ... baý. Olaryň biri hem Balkan welaýatynda goýny bag-barly, çeşme-çaýly, Köpetdagyň eteginde owadan dag gerişlerinde ýerleşýän Parawbibi aramgähidir.Bu ýeri diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň köpçülikleýin zyýarat edýän, syýahata gelýän ýerleri bolman, eýsem, ol daşary ýurtly jahankeşdeleri hem özüne çekiji ýerdir. Parawbibi aramgähi barada gahryman Arkadagymyzyň "Tükmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi" atly kitabynda hem örän täsirli gürrüňlere gabat gelinýär. Ozallar bu ýerden derde derman suwly çeşme akýan ekeni. Ol bireýýäm gurap gitse-de, bu gadymy aramgähe ozalkysy ýaly zyýarata gelýän köp. Rowaýata görä, gadym eýýamlarda bu ýerde ýaşaýan owadan Parawbibi atly gyzy, çozup gelýän duşmana berjek bolýarlar. Ol duşmanyň eline düşmejek bolup dag gowaklaryna tarap gaçýar we Alladan özüni duşmandan halas etmegi dileýär. Allanyň gudraty bilen dag ýarylyp gyz hem oňa girip gidýär diýýärler. Şeýdip bu gudratly ýerde Parawbibiniň aramgähi gurulýar. Adamlar häli-häzirem şol ýerdäki gara daşda Parawbibiniň eliniň yzynyň bardygyny aýdýarlar. Takmynan XI asyrda bina edilen bu aramgäh Paraw obasynyň günorta-günbataryndaky depelerde ýerleşýär. Oňa basgançaklaryň 269-sy eltýär. Binanyň beýikligi 4,8 m bolup onuň bir böwründe kiçiräk gowak bar we Parawbibi hut şu ýerden daga siňipdir diýilýär. Çepdäki basgançaklar kiçijik gapdal otaga eltýär, bu ýerdäki darak bilen aýna hem Parawbibiniňki diýlen gürrüň bar. Häzirki wagtda Parawbibi aramgähi aýal-gyzlaryň iň köp zyýarat edýän ýerleriniň birine öwrüldi.
Oguljahan ATAMYRADOWA,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.