Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň saýasynda okamak, sport bilen meşgullanmak, medeniýet we sungat bilen meşgullanmak we işlemek üçin ähli şertler döredilen. Täze gurlup berilýän okuw jaýlar, döredilýän iş orunlar muňa aýdyň mysaldyr. Ýaşlar bolsa tertip düzgüni saklap şol döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, edilen ynamy ödäp ýetişmelidirler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde mekdep okuwçylary soňky jaň dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şu günlerde ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda TMÝG-niň işgärleri, Polisiýa bölüminiň işgärleri we Bilim bölüminiň işgärleri Babadaýhan etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Ýaşlar biziň gelejegimizdir” atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler. Duşuşykda okuwçylara tertip düzgüni saklap, soňky jaň dabarasyny bellenilen tertipde agzybirlikde sowmalydygy aýdyldy we uçurymlara gelejekde şowlylyk we üstünlik arzuw edildi. Aýdylan gürrüňlere ýaşlar doly düşünip netije çykaryp Watanmyza, hormatly Prezidentimize, il-günümize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.