Oba hojalyk pudagynda ine bu günler Piläni ýygnamak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Biziň Gökdepe etrabymyzyň oba zähmet keşleri pile hasylyny almakda ýygnamakda bu möwsümde örän jogapkärli çemeleşip pile hasylyny ýygnadylar.gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýärler. Kärendeçilerimizi oba zähmetkeşlerimizi halal zähmete çekmäge ähli mümkinçilikler ajaýyp şertler döredilýär.Kärendeçilerimiz hem oba hojalyk pudagyny ösdürmekde öz halal zähmetlerini gaýgyrman zähmet çekýärler. Biz hem Gökdepe etrap Agrar Partiýasynyň işgärleri bilen bilelikde ýaş kärendeçilerimizi höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglaýarys. Ýaş kärendeçileriň zähmete bolan höwesini artdyrýarys.
Arzygül BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.