Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda Gökdepe etrabynyň Hurmant – Gökje daýhan birleşiginiň 4-nji orta mekdebiniň ýokary synyp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek işleri mundan beýläk-de dowam edilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Watanymyz gün-günden özgerýär. Ýurdymyzda dürli özgertme işleri yzygiderli işler alnyp barylýar. Maşgalada ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan tämiz, merdana,Watansöýüji ýaş nesili ösdürip kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Maşgalada çaga tebigy gurşaw bilen sazlaşykly ösýär. Tebigatda bolup geçýän hadysalar, adamlaryň hereketi, deň-duşlarynyň durmuşa bolan garaýyşlary, ulularyň göreldesi olaryň ruhy taýdan ösüşine öz täsirini ýetirýär. Eger-de ene-ata perzendini ýagşy ýola ugrukdyryp, wagtyny gowy işlere sarp etmegi öwreden halatynda, çaga kämillik endikleri bilen terbiýelenýär. Her bir maşgalada kemally çagalaryň ösüp ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap halkyň eşretli, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Aýratynam ýaş nesilleriň edep-ekramlygy, ahlak arassalygy, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, sagdyn-durmuş ýörelgelerine, arassaçylyga, Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimizde alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryna dogry düşünip bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde hem birnäçe işler alnyp barylýar. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde adam ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatdyr maslahatlary ýaşlygyndan olaryň aňyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär. Şol adat türkmen halkyny beýleki halklardan tapawutlandyrýar.
Arzygül BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.