Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz her bir ugurda bolşy ýaly, sport babatda hem halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge üns berýär. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda milli sporty dünýä derejesine çykarmakda ägirt uly işleriň başy başlandy. Ýurdumyzda sport binalary, desgalary, dürli derejedäki okuw mekdepleri, stadionlar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Olardan iň irileri hökmünde paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen Olimpiýa şäherçesini, Gyşky oýunlar toplumyny, Awazadaky «Awaza» köpugurly sport toplumyny mysal getirmek bolar. Şonuň ýaly-da, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmegiň guramaçylyk we usuly babatda maddy-enjamlaýyn binýady hökmünde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we onuň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegini agzap geçmek bolar.
Döredilen maddy-enjamlaýyn we okuw-usuly binýat, bir tarapdan, sportuň dürli görnüşleri boýunça milli türgenlerimiziň ösüp kemala gelmegine ýol açsa, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň sport babatda halkara hyzmatdaşlyklarynyň ösmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň medeniýet, ekologiýa diplomatiýalary bilen bir hatarda bu günki gün sport diplomatiýasy dünýäde giňden ýaýylýar. Bu diplomatiýa halklary, ýurtlary, döwletleri dost-doganlyga çagyrýar. Aýdylanlara mysal hökmünde, 2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şygarynyň «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» bolandygyny, 2018-nji ýylda ýurdumyzyň çäginde geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň şygarynyň bolsa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» bolandygyny ýatlap geçmek bolar.
Türkmenistan sport ulgamynda dünýä ýurtlary bilen 70-den gowrak dürli hökümetara we pudagara derejeli resminamalara gol çekdi. Şeýle-de ýurdumyz Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Öz nobatynda dünýä bileleşigi we beýleki abraýly halkara guramalary Türkmenistanyň alyp barýan ugruna belent sarpa bilen garaýarlar. Muňa aýdyň şaýatlyk edýän ýagdaý hökmünde, 2017-nji ýylyň 7-8-nji aprelinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara sport kongresiniň «Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy» atly jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigini bellemek bolar.
Häzirki döwürde milli türgenlerimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýörite Karara gol çekmegi bilen 2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna ýokary depginde taýýarlyk görmäge girişdiler. Bu ýaryşlaryň ýeňiş getirjegini türgenlerimiz üçin döredilen giň mümkinçiliklerden hem çaklamak bolýar.
Biz ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edýäris.
Serdar GURBANMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
«7/24.tm»: «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň
elektron goşundysy. № 18 (153). 01.05.2023ý.