SAGLYGYŇYZ ÖZ ELIŇIZDE

Gyş paslynda ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin, şu aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir:

— Zerur ýagdaý ýüze çykmasa, köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly. Esasan, çagalary adamlaryň köp üýşýän ýerinden daşda saklamaly.

— Salamlaşanyňda elleşmekden saklanmaly.

 — Beýleki adamlar bilen 2 metr aralygy saklamaly. Şeýle-de asgyrýan we üsgürýän adam­la­ra ýa­kyn­laş­ma­ly däl.

— Ýiti respirator keseliň alamatlary (kellagyry, beden gyzgynynyň ýo­kar­lan­ma­gy, üs­güle­wük, burun dykylmagy, myşsalarda agyry) ýüze çykanda, hökman lukmana ýüz tutmaly.

 — Öýde bejergi alýan näsaglary aýratyn otagda ýerleşdirip, ony düşek düzgüninde bejer­meli, otagyň howasyny çalşyp durmaly we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.

 — Elleriňi arassa saklamaly. Elleri sabynlap ýuwup, soňra düzüminde spirt saklaýan ergin­ler bilen ýygy-ýygydan arassalap durmaly.

 — Daşary çykanyňda burnuňa oksolin melhemini çalmaly.

 — Gyş paslyna laýyk ýyly egin-eşik, typmaýan, ýyly aýakgap, elleriňize ellik we kelläňize başgap geýmeli.

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman

senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi

(Türkmen dünýäsi gazeti)

Öňki makala

ABADAN GELJEGE TARAP

Indiki makala

SUNGAT DARAGTY

Meňzeş habarlar