Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda milli sungatymyza uly sarpa goýulýar, oňa degişli maglumatlary düýpli öwrenmekde, wagyz edip halka ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmen jemgyýetiň ruhy dünýäsini, döredijilik taýdan pikir ýöredip bilýän milli ussatlary kemala getirmek möhüm şert bolup öňe çykýar. Watanymyzda türkmen şekillendiriş sungatynda uly yz galdyran medeniýet we sungat işgärleriniň sarpasy belentden tutulýar.
2023-nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Ykbaly baglanan sungat” atly sergisi açyldy. Bu sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Gülbahar we Baýrammyrat Annagulyýewleriň keramika eserleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Aýna Annagulyýewanyň zergärçilik saý-sepleri we Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň uçurymy Jennet Annagulyýewanyň akwarelde ýerine ýetiren eserleri görkezilýär. Sergidäki eserlerde milli gymmatlyklarymyz, tebigatymyzyň gözellikleri, taryhy tapyndylary we gelin-gyzlarymyzyň keşpleri täsin taslamalaryň çözgüdinde beýan edilipdir. Gülbahar we Baýrammyrat Annagulyýewleriň halypasy Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat mugallym Maral Ataýewadyr. Keramikaçylaryň eserlerinde hem onuň täsiri duýulýar. Çünki olar Maral Ataýewa ýaly türkmen halkynyň milliligini häsiýetlendirýän çeper aýratynlyklaryny inçeden peýdalanyp bilýärler.
Döredijilik ýolunyň dowamynda olar diňe bir döwlet we halkara derejesindäki sergilere gatnaşman, eýsem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda, onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallymçylyk işini hem alyp baryp, ençeme şägirtleri ýetişdiripdirler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Baýrammyrat Annagulyýewiň sergidäki eserlerinden “Miras” atly işi aýratyn tapawutlanyp, türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetlerine bagyşlanypdyr. Bu eser iki sany güldandan ybarat bolup, olaryň birinde goňur reňkli ýerliginde güberçek görnüşli Altyndepeden tapylan zenan hudaý heýkeliniň şekili ýerine ýetirilipdir. Ikinjide bolsa, Marguşdan tapylan faýans asawajyndaky bürgüdiň şekilini görmek bolýar. Mundan başga-da, haşam küýzeleriň tutawaçlarynda we aýajyklarynda kiçi göwrümli küýzejikleriň şekilleri ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, suratkeş küýzeleri ýaşaýşyň, janlandyryjy suwuň, keramatly hazynanyň nyşany hökmünde alamatlandyryp, häzirki wagtda medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamaga, indiki nesillere ýetirmäge örän derwaýysdygyny baradaky pikirini şöhlelendirýär.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Gülbahar Annagulyýewa özüniň döredijilik eserleri bilen zenan kalbynyň dünýäsini wasp edýär. Keramikaçynyň “Gadymy kürte nagyşlary” atly eseri şamotdan ýerine ýetirilip, syrçalanypdyr. Bu küýzäniň ýüzünde gelin-gyzlarymyzyň başyna atynýan kürtesiniň nagyşlary gyzyl, sary, gara we ýaşyl reňkleriň üsti bilen görkezilipdir. Suratkeşiň “Pazyryk” atly eserinde 1949-njy ýylda rus arheology tarapyndan Altaý daglaryndan Pazyryk depede tapylan halynyň ýüzündäki şekiller görkezilipdir.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçilikleri ykbalyny sungata baglan suratkeşleriň döredijilik aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga, medeni gymmatlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gözelligini, taryhy geçmişimiziň beýanyny wasp etmäge, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň nesilden-nesle geçmäge, zehinli ýaşlaryň ukyplaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berýär. Sergä gelen her bir tomaşaçy suratkeşleriň özboluşly dünýäsine aralaşyp biler.
Hallygözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.