Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň her bir güni rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ösüşlerine şekillendiriş sungatynyň wekilleri hem döredijilikli zähmeti bilen mynasyp goşant goşýarlar.
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri” atly uçurymlaryň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Sergide sungat ojagyny tamamlan, ýurdumyzyň medeniýet we bilim pudaklaryna degişli edaralarynda zähmet çekýän, döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryna mynasyp bolan ýaş suratkeşleriň döredijiligi bilen tanyşmak bolýar. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary Begenç Berkeliýew, Amanmyrat Modyýew, Rahman Rahmanow, Aýjemal Çaryýewa, Annageldi Hezretgulyýew, Azat Tuwakow, Hatyja Amansähedowa, Ýusup Babaýew, Saparsoltan Seýidowa, Almagül Garlyýewa, Derýa Rejepow, Nurjahan Şyhyýewa, Atda Atdaýew dürli žanrdaky we temadaky eserleri ýerleşdirilipdir. Ýaş suratkeşler dürli reňk öwüşginleri sazlaşdyryp, türkmen halkynyň milliligi, Watanymyzyň gözel tebigatyny, ir-iýmişlerini, taryhy ýadygärliklerini we daşky gurşawymyzy ussatlyk bilen wasp edýärler.
Grafika hem özboluşly tehniki usullary we temalary boýunça has-da döwrebap eserleriň döredilmegini talap edýär. Grafika eserlerini çeperçilik taýdan baýlaşdyrmakda olaryň many, hil tarapyny güýçlendirmekde eserlere dürli öwüşgin bermegiň ähmiýeti uludyr. Şeýle suratkeşlerimiziň biride Rahman Rahmanowdyr. Onuň eserlerinde, esasan hem, filosofik häsiýetler agdyklyk edýär. Ol eserler ynsanyň pikir-düşünjelerini, duýgularyny, ideýalaryny şekillendirýär we keşpleriň üsti bilen beýan edýär. Rahman Rahmanowyň döredijilik dünýäsi aňyrsy-bärsi görünmeýän giň çäkleri öz içine alýar. Suratkeş dürli ugurlarda, dürli akymlarda, birnäçe çeperçilik serişdeleri ulanmakda öz ukyp-başarnygyny batyrgaý synap görýär. Suratkeş kubizm, sýurrealizm, abstraksionizm ýaly usullary özleşdirmäge ýykgyn edýär. R. Rahmanow özüniň işlerinde ulanýan her bir çyzyklary, döredýän şekilleri reňk öwüşgini bilen baýlaşdyryp, ak-gara reňkleriň gapma-garşylygyny görkezýär.
Rahman Rahmanowyň her bir eserinde filosofik pikirlerini görmek bolýar. Ol “Gözbaş” atly eserini 2015-nji ýylda kagyzyň ýüzünde galam bilen çekilipdir. Onuň eseri örän uly many-mazmundan doly. Suratkeş eseriniň birinji meýilnamasynda çeşmeden suw içýän, ýagny zähmetiň lezzetini duýýan daýhany toprak bilen birikýän şekilde suratlandyrýar. Bu çeşme uzaklardan akyp gelýär, bu bolsa hasylyň ýetişmegi üçin köp wagtyň gerekdigini, irginsiz zähmet çekmelidigini aňladýar. Eserde daýhanyň ýanynda onuň esasy guraly pili hem şekillenýär. Eseri ilki görenler üçin adaty suw içýän daýhany görmegi mümkin. Ynsan toprakdan üzňe ýaşap bilmeýär. Şeýlelikde, suratkeş bu eserini filosofik pikirleriň baýlygy bilen döredýär.
Suratkeş Rahman Rahmanowyň “Döreýiş” 2015-nji ýylda ýerine ýetiripdir. Bu eserde adamzadyň ömrüniň bir döwri eserde janlandyrylýar. Suratkeşiň eserde esasy görkezýän maksadyna laýyklykda ýaşaýyşda direg gerekdigini tomaşaça aýdyň açyp görkezýär. Dürli ynsan keşpleri, wagt alamaty hökmünde suratlandyrylan başga-da belli bir mana eýe bolmadyk ululy-kiçili şekilleriň häsiýetini açyp görkezýär.
Suratkeşiň “Ýatlama” (2015) eseri birnäçe gahrymanlardan düzülen köp şekilli taslamadyr. Eser umumy mazmun aýratynlygy, taslama gurluşynyň käbir esaslary boýunça halypa suratkeş Gulnazar Begmyradowyň “Sessizligiň oýanmagy” (1968) atly nakgaşlyk eserini ýadyňa salýar. Eseriň esasy öňe sürýän temasy – zenanlaryň durmuşyny, olaryň çuňňur içki dünýäsini açyp görkezmekden ybaratdyr. Elbetde, munuň üçin suratkeş türkmen zenanlarynyň lybasyna, olaryň dokaýan el işlerine kybap gelýän gyzyl reňki saýlap alýar. Ol dürli hereketlerde duran gahrymanlarynyň ýüz keşbini, beden gurluşyny, egin-eşiklerini jikme-jik suratlandyrman, eýsem, bir reňkiň, bir göwrümiň kömegi bilen umumylaşdyryp şekillendirýär. Şeýle-de bolsa, eserde kürte atynan gelinleriň her biriniň hereketini, duruşyny, hatda ruhy duýgularyna çenli aýdyň yzarlamak bolýar. Käbiri dik duran, käbiri bolsa, ýere çöküp oturan gelinleriň her biri öz pikirlerine, gaýgy-aladalaryna, bir söz bilen aýdanyňda öz dünýäsine gümra bolup dur. Eseriň goňrumtyl-mele öwüşginli yzky ýerliginde tegelek şekilli şöhle saçýan Günüň şekili tutuş kendiriň ýüzüne özboluşly ýalkym çaýýar. Onuň depesinde bolsa, açyk gyrmyzy-mämişi reňkde görkezilen, kiçiräk ölçegde Aýyň şekili – gelinleriň şertli aňlatmasy, göçme manyly nyşany hökmünde kabul edilýär. Mälim bolşy ýaly, zenanlaryň jemaly taryp edilende, “Aýyň bir bölegi”, “dolan Aý kimin” ýaly meňzetmeler giňden ulanylýar. Suratkeş surat eserini ýylmap, tekiz reňk zolaklary bilen ýazman, eýsem, tapawutly usuly peýdalanýar. Bu eser öz nobatynda suratkeşiň syrlardan doly zenan dünýäsini ählitaraplaýyn tomaşaça ýetirmek ugrunda eden çemeleşmeleriniň biridir.
Bu sergidäki eserler berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ylham alýan zehinli suratkeşleriň ýürek aýdymy bolup, türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň dünýä ýüzünde ýaýmak ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şirin ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.