Süýji-süýji göwün ýüwürtmeler, arzuwlar şeýle bir kän, emma olaryň aglaba bölegi ýazylmadyk we hiç wagt ýazylmaýan taryhyň arhiwine siňip galýar. Heý-de siz «Arzuwlaryň senenamasy» ýa-da «Arzuwlaryň taryhy», «Arzuwlaryň ömri» atly eseri okap gördüňizmi? Beýle eseri tapmarsyňyz, çünki iş ýüzünde amal edilmedik, hasyl edilmedik zatlar hakda agyz dolduryp söhbet edilmeýär. Maksadyň beýikligine, arzuwyň süýjüligine, berjaý edilişiniň kämilligine görä, ol işleriň, eserleriň gadyr-gymmaty artyp gidýär. Süýji arzuwlaryň joşguny bütin süňňümizi gurşap, oňa ylham berip duran wagty, uzak-uzak menzilleri, ajaýyp geljegi göz öňüne getirýän mahalymyz, keýpimiziň çag çagynda hemme zat aňsat ýaly görünýär. Arzuwly ýollary külterlemek hem arka agram salmaýan kysmy. Ýöne az salymdan yhlasymyza sowuklyk aralaşyp, Arktikanyň ak hem bolsa, agyr buzlarynyň arasynda gysylyp galan gämi deýin öňe ilerlemäge ne mejal, ne gaýrat, ne höwes tapýarys. Sebäbi azrak emgensek, ahyr soňunda gönendirjek şol arzuwlarymyza başlamakdan, girişmekden çekinýäris. Haýsydyr bir täze işe girişmekçi bolanyňda onuň iň kyn nokady – başyna barmak, başlamak, işe girişmek pursady. Şonuň üçinem häzirki zaman arap ýazyjylarynyň biri bu hakda söz açanda, başlamak müşgilliginiň syry hakda dil ýaryp: «Her gezek şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolanymda, täze bir işiň gyrasyndan girenimde ýa-da 11 täze bir kitap ýazmaga girişenimde has artykmaç güýç sarp edýärin. Başlamak howsalasyny, başlamagyma böwet bolýan galagoply duýgyny basyp ýatyrmak üçin şeýle bir ýazýaryn, şeýle bir ýazýaryn, başagaý bolup, ýazyp oturyşymy daşymdan görseňiz-ä «eýýäm bir kitaby ýarpylandyr» öýdersiňiz. Diňe şondan soň geçen menzillerime ser salýarynda, özümi adaty, endigan ýagdaýa getirip, öňki ýazan-dolduran zatlarymy düzedişdirip, goşup-aýryşdyryp başlaýaryn. Çünki mende «ilkinji ädimiň» howatyrlanmasy, «başlamak» gorkusy aýrylypdy» diýýär. Bu biziň köpimize mahsus ýagdaý. Hatda özümem birnäçe etsem-petsemleri diňe şol duýgynyň täsiri astynda ýa soňa süýşüripdim, ýa-da «başlaýyn, başlaýyn» diýip, heniz başlamankam taşlapdym. Köpleriň özleri we öz arzuwlary-geljekleri babatda şu hörpden gopýandygyna, şol ýagdaýdan ejir çekýändigine gözüň ýetýär. Aslynda bu giňden ýaýran ýagdaýlaryň biri. Başlamak gorkusynyň astynda neneňsi syryň ýatandygy hakda dürli pikirleri, ölçerip-seljermeleri gözden geçirenimizde, jogaby göwni kanagatlandyrjak şeýle bir netijä gelip bolýar: biz hemişe ahyrky netijäni görmäge howlugýarys. Täze işe girişýäris, emma köp wagt geçmänkä başga bir işiň täsirine düşüp, bu işimizden sowaşyp başlaýarys. Munuň hem iki sany esasy sebäbi bar. Birinjisi, täze peýda bolan käbir zatlar öňküden has özüne çekiji, has gowy, has bähbitli ýaly duýulýar. Emma şu wagtky işimiziň üstünden böküp, ol işe girişsek, ýene-de şol öňki duýgular bilen gurşalýarys. Ikinjisi, biziň ýöränje ýolumyz heniz «garaşylýan» ahyrky netijäni aýdyň görkezip bilenok. Sebäbi biz gyssanýarys, şu gün düýbi tutulan jaýyň üçegini ertir göresimiz gelýär. Ilkinji ädimler bolsa ahyrky üstünlige çenli ýeterlik ýol däl. Täze paltanyň daragta ilkinji urgusy kesgir bolman biler, kitabyň birinji setiri juda täsirli ýa-da şowly çykman biler. Hususy meýilnamadaky ilkinji aýlar beýik maksatlaryň ugrunda görnetin öňe ilerleýändigiňi görkezmän biler, emma bar hupbat şu zatlary öz akylyňa düşündirip, ynandyryp bilmekde. Bir demde, bir sözde bina etmek ygtyýary diňe Haka degişli. Biz bolsa munuň üçin ähli ädimleri birme-bir ýöräp geçmeli bolýarys. 12 Gözüň tebigaty – diňe iri zatlary görýär. Iri zatlara ýetýänçäk arada duran ownuk-uşak hysyrdylary, hal-ýagdaýlary bolsa görmek islämzok. Bularyň ählisine sabyr edere takatymyz ýok, aslynda welin uly sabyr beýik we belent ruhy hasyl edýär. Şonuň üçin hem işiň başyndaky bu päsgelçilik, garşylyk durmuşda duçar bolýan iň uly päsgelçiliklerimiziň biridir. Muňa «başlamak garşylygy» ýa-da «başlamak päsgelçiligi» diýilýär. Şol päsgelçiligi ýeňip geçmek üçin endigan bir ýola düşýänçäň, endigiňe öwrülýänçä, ähli güýjüňi sarp edip işlemegiň gerek. Belki bilýänsiň, belki-de bihabarsyň – raketa ilki bat alanda özüniň has köp ýangyjyny, energiýasyny ýakýar. Ol asmana göterilmezinden öň ilki bilen bar güýjüni bat almaga berýär. Ir säher awtoulag bilen ýola düşmekçi bolsaň, onuň motory ýuwaş-ýuwaşdan gyzýança, oňa garaşmaly bolýarsyň. Ol diňe gyzandan soň sürmäge ýaraýar. Her zadyň ilkinji ädimi, ýönekeýi, kiçisi göze ilmeýär, emma şol ädimleriň her biri ýokary derejede ähmiýetli. Göräýmäge ilkinji ädimler işiň soňundan has kyn we zerur. Öňüňde maksadyň anyk bolsa, ýöremeli ýoluň, barmaly ýeriň, ýetmeli menziliň kesgitli bolsa, hem-de şol ýolda uly gaýrata bürenmek isleýän bolsaň, ilkinji ädimleriňe uly üns ber we egsilmez güýç sarp et. Ilkinji ädimlere sarp edilen yhlas bize goşa-goşa gaýrat eçilýär. Gursagymyza ynam guýýar. Kalbymyza umyt çaýýar. Bizi ahyrky maksadyň gyzyklandyrýandygyna garamazdan, ilkinji ädimlere kembaha garamaly däldiris. Her indiki ädimi aňymyzda berkän pikirler, toplanan tejribeler bilen ýene-de berkidip, ösdürip, öňe ynamly ätlemek gerek. Şeýle bir hikmetli söz bar: «Niýet nirä öwrülse, aýaklar hem şol tarapa ädilýär». Yza öwrülme, saga-sola dönme, maksadyňa tarap diňe öňe ýöre. Ýaňy ýörjen-ýörjen çaga ilkinji ädimlerinde tiz ýadap, büdräp, bizar bolup oturýar, emma biz – tebigy durmuşymyzdaky tejribelerden bilýäris ahyry, şu büdremeler, säginmeler, yza çekilmeler biziň soňra batly ýöremegimize, ylgamagymyza getirýär. Biz bolsa howlugýarys, gyssanýarys. Soňky netijeler bizi şeýle bir gyzyklandyrýar, hatda käte heniz näbelli şol netijelere irikge bolup, esasy işimizden ünsümizi 13 sowaşdyrýarys. Sähel kynçylyk ýüz beräýse dagyn öňümizde aşyp bolmajak dag keseren ýaly derrew lapykeç aşak çökäýýäris. Emma Zemin döräli bäri asyl örkünden gobsunmadyk, gozganmadyk ýekeje dag hem ýokdur. Ýa-da adamzadyň aýagy galtaşmadyk dag gerşini hem tapyp bilmersiňiz. Hemme zada sabyr, yhlas, tijenmek arkaly ýetip bolýar. Taryh daňy atanyndan häzirki günümize çenli adamzada abanan iň uly apatlaryň biri – netijelere howlukmaklyk. Taryhdan bir mysala ýüzleneliň. Muhammet al-Fatyh heniz kiçijik oglanka, deňziň gyrasyna gelip, Konstantinopolyň gala diwarlaryna seredip durar eken. Ümzügini uzaklara aýlap: «Men ertir seniň mäkäm galalaryňy ýere ýumraryn» diýer ekeni. Ahyrynda, ýigrimi ýaşyndaka şol ýeri basyp almak nesibesini Allatagala bu gerçege miýesser etdi. Eýsem, bu ýigdekçe gylyjynyň sapyndan ilkinji gezek tutanda, ussat söweşiji boljakdygyny, bu ýolda uly üstünlik gazanjakdygyny bildimikä? Uly ynam bilen tassyklap bilerin: ol muňa elbetde ynanandyr. Şol sarsmadyk ynam hem ahyry maksada alyp gelýär. Beýik ynam beýik işleri amala aşyrmaga gurbat, kuwwat berýär. Ynamyny gowşatmaýar, yhlasyny egismeýär. Ahyry arzuwyny hasyl edýär. Öňünde beýik maksatlary goýýanlaryň ýönekeý başlangyçlaryň hupbatyna çydamagy gerek. Her bir ädim, her edilen iş şol beýik maksada barýan ýoluňda uly medet, goldaw bolmalydyr. Ilkinji ädimleriňe biperwaý garama, olary kiçeltme, egsik görme. Sabyr we yzygiderlilik bilen iş salyş. Şol ýönekeý, sada hem-de kiçijik görünýän ilkinji ädimler iň beýik maksatlara eltip bilýändir. Efatunyň aýdyşy ýaly: «Işiň iň ähmiýetli bölegi – onuň başydyr». Bir başlap bilseňiz, girişmegi başarsaňyz, soňuna çenli alyp çykjakdygyňyza, her işi doly başarjakdygyňyza şübhe bolmaz. Ilkinji ädimleriňe – işiň başyna nähili yhlas siňdirseň, garaşylýan we gazanylýan netije göz öňüne getirişiňden hem zyýada bolar. Işiň iň ähmiýetli bölegi netijesidir, ýöne şol netijä sag-aman eltjek we gurbatyňy gowzatmajak güýç ilkinji ädimlerdäki yhlasyňda jemlenýändir.
Rahmet GYLYJOWYŇ
“Halallyk kyssalary” eserinden.