WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly ösüşleri gazanýan eziz Diýarymyzda her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş gününiň baýramy ulydan bellenilýär. Taryhy işleriň amala aşyrylýan üstümizdäki “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Beýik Ýeňşiň gazanylanyna 78 ýyl dolýar. Ýyllar geçen hem bolsa uruş ýyllarynda edermenlik görkezen gahrymanlarymyz tylda zähmet çeken, fronta kömek eden her bir edermenlerimiz ýatlanylýar. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna, tylda edermenlik görkezen gahrymanlara Hormatly Prezidentimiziň sowgatlarynyň gowşurylmagy, watan ogullaryna sylag-sarpanyň, hormatyň beýikdigini äşgär edýär. Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri, duşuşyklar geçirilýär.

Şeýle çäreleriň biri golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagyna “Watan gahrymanlary ýaşlar üçin nusgadyr” atly şygar bilen geçirildi. Bu çärä il sylagly ýaşulular, mährem neler, talyp ýaşlar, körpe nesiller, arhiw we muzeý işgärleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlar 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň 78 ýyllygy mynasybetli guralan “Şöhrat” göçme sergisindäki ýowuz ýyllara degişli muzeý gymmatlyklary, hatly bukjalar, söweş ýaraglary we beýlekiler bilen ýakyndan tanyşdylar. Çäräniň dowamynda ýaşuly nesliň wekilleri, muzeý işgärleri çykyş edip, merdana ata-babalarymyzyň Watany goramakdaky, söýmekdäki, hyzmat etmekdäki watansöýüjiligiň ýaşlar üçin nusgalykdygyny belläp, ýowuz ýyllaryň ähli synaglaryna döz gelen edermenleriň hatyrasynyň belent tutulýandygyny aýtdylar.

Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen Berkarar Watanymyzyň daşary döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli parahatsöýüjilikli syýasaty alyp barýandygy şonuň netijesinde ýurdumyzyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny buýsanç bilen aýdyp, Milli Liderimize Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Orazgül AMANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar