WATAN GAHRYMANLARY BAKYDYR

2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýilip yglan edilmegi ýurdumyzy juwanlyk güýç-gaýraty bilen galkyndyrýan ýaşlara berk hem mizemez ynamdyr. Bu ynam ýaşlaryň bir bitewiligini äşgär edýär. Bu hakykat biziň buýsançly başlarymyzy göge ýetirýär. Ýaşlar-Watanymyzyň synmaz kuwwaty. Olar döwletimiziň ýagty geljegi, gazanylýan ösüşlere itergi beriji güýçdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, türkmen ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlere mynasyp goşant goşýarlar. Munuň özi kuwwatly ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny doly tassyklaýar.

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 78 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilekde “Bakylyga öwürülen mertler türkmen ýaşlary üçin mekdepdir” atly maslahat geçirdi. Maslahata Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Ýaşlar guramasynyň jogapkär işgärleri, kitaphana işgärleri gatnaşdy. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Serdar Şyhyýew, Daşoguz şäherindäki 5-nji çagalar sport mekdebiniň tälimçisi Gurbanmyrat Saparmyradow, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Sapargül Saparowa, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Begmyrat Mýatdurdyýew, Nurmuhammet Hanjanow, Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Aýnur Ýusupowa, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Annabeg Aşyrowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 78 ýyllygy bilen gutladylar we Gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri barada talyp ýaşlara gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşyjylar döredilýän mümkinçilikler üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar we beýik ýeňişiň 78 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar