Söz ummanynda dürler saçyp, dürlerden akyl-paýhas ummanyny döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň ruhy daýanjy bolup hyzmat edýär. Özüniň parasatly setirleri bilen halkynyň azat, erkin, eşterli durmuşda ýaşamagyny öwüt-ündew eden beýik akyldaryň ismi hemişe ýürekleriň töründe baky orun alandyr.
Magtymguly atamyzyň adamzat kowmuna miras goýan edebi älemi asyrlaryň dowamynda dünýä medeni mirasyny öwrenijileriň, alymlaryň, şahyrlaryň, filosoflaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Muňa akademik B.B.Bartoldyň: “Magtymguly ähli türkmenler üçin, şol sanda stawropollular üçin hem milli şahyr boldy”, Ş.Beýşenalyýewiň: ”Magtymgulynyň döredijiliginiň belentligi onuň aýdyň akylynyň, laçynyňky ýaly ýiti nazarynyň halk durmuşyna çuňňur aralaşanlygyndadyr”, Berdi Kerbabaýewiň: “Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji roluny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soňky geljeklere altyn miras galdyrdy” ýaly setirlerini mysal görkezmek bolar.
Ussat Pyragynyň döredijiligi onuň halkyna nähili uly hyjuw bilen hyzmat edendiginiň äşgär subutnamasydyr. Öz şygrynda:
Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar
-diýmek bilen öz eserleriniň halkynyň aňynda, ýüreginde orun tutmagynyň aladasy bilen ýaşaýar. Gündogar edebiýatyny öwreniji Ý. E. Bertels onuň döredijiligini “Jemşidiň jadyly jamyna” meňzetse, garagalpak şahyry Berdimyrat Berdak:
Magtymgulyny okanymda,
Aýdardym men her zamanda,
Kemis barmy begler onda?-
Sözün togap ederdim men
-diýip, oňa bolan çuňňur guwanjyny beýan edýär.
Magtymguly Pyragynyň beýik hyzmaty öz belent aňyýetini şygyrlaryna salyp, türkmeniň jemgyýetçilik aň-düşünjesini beýgeldenligindedir. Ol türkmen topragyny ýürekden söýmek, onuň ajaýyp gözelliklerine guwanmak, ony gözüň göreji ýaly goramak ýaly ajaýyp pikirleri nesilleriň aňyna mäkäm ornaşdyran, halkynyň aňyna bütewi bir döwlete birikmek, berkarar döwlet gurmak pikirini ilkinji bolup salan beýik şahsyýetdir. Şahyryň:
Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň
- ýaly ajaýyp setirlerini okanyňda, “Beýik akyldarymyz biziň şu günki özgeren çöl-sähralyklarymyzy synlap, ýazan ýaly” diýeniňi duýman galýarsyň. Beýik şahyrlaryň halkymyzyň öňündäki hyzmatlaram olaryň ýaşlary öz paýhas belentliklerine galdyryp bilýänligindedir. Ol baryp 300 ýyl mundan ozal halkymyzyň kalbyna bir bütewi döwlet bolanymyzda ýetjek belentliklerimiziň nähili derejede boljakdygyny ymykly ornaşdyrmagy başarypdyr.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
-diýen ýakymly çagyryşy tä mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolýançak merdana halkymyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky köňül küýsegine öwrülipdir.
Magtymguly danamyz raýatlaryň bir agza bakyp, döwletiň bütewiligine hyzmat etmelidigini, onuň öňüne düşen adamlaryň bolsa, adyl hem rehimdar bolmagyny öwran-öwran nygtapdyr:
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgun,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgun.
Şahyryň tutuş döredijiligi bilen içgin tanyşanyňda, onuň biziň şu günlerimizi arzuwlandygyna, onuňam hasyl bolandygyna anyk göz ýetireniňde, kalbyň guwançdan dolýar. Ine, biz bu gün Magtymguly atamyzyň: “Erer ol erkan mydam, budurki türkmen binasy” diýip arzuw eden zamanasyna ýetdik. Türkmen binasy-türkmen döwleti gülleýär, ösýär.
Şahyryň döredijilik älemi düýpsiz ummany ýada salýar. Oňa näçe aralaşdygyňça, şonça-da dürdäne setirlere, täze-täze pikirlere, pelsepewi garaýyşlara berilýärsiň. Külli türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň şygyrlary näçe asyrlar geçip, döwür-döwranlar üýtgese-de, könelmeýär, gaýtam, gadyr-gymmaty barha artýar.
Ýurdumyzda Magtymguly atamyzyň şygyrýet günleri baýram hökmünde bellenilip, döwlet tarapyndan ýylda onuň aramgähine zyýaraty guramak indi asylly däbe öwrüldi.
Bu gün obalarymyzy, köçelerimizi akyldar şahyryň ady bezeýär. Paýtagtymyzyň görnükli ýerlerinde gurlan şahyryň heýkellerini gül desseleri bezeýär. Paýtagtymyzyň iň owadan köçeleriniň biri beýik şahyryň adyny göterýär. Onuň ugrundaky giň seýilgäh indi ençeme ýyllardan bäri ýazyjy-şahyrlaryň şygyr agşamynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Döwletimiziň iň owadan, iň uly teatrlarynyň biri, şeýle hem şahyryň doglan etraby Magtymguly Pyragynyň adyny göterýär. Söz ussady Magtymguly atamyzyň şygryýet gününiň döwlet derejesinde baýram edilmegi, ýurduň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet uniwersitetiniň, ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Magtymguly Pyragynyň adyny götermegi, onuň adyna Halkara baýragyň hem-de Magtymguly Pyragy medalynyň döredilmegi ussadyň hormatynyň näderejede belent tutulýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Garaşsyzlyk binasynyň öňünde beýik akyldarymyzyň heýkeli oturdylandyr.
Goý, halkymyzy beýik akyldarlarymyzyň arzuw eden zamanynda agzybirlikde, asudalykda, jebislikde, bolelin durmuşda erkana ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn!
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.