GOŞA MUKADDESLIGIŇ ŞANLY BAÝRAMY!

Türkmende toý toýlansa goşa-goşadan geler diýlişi ýaly ýenede sanlyja günlerden Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň güni döwlet derejesinden giňden bellenilýär. 18.05.1992-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Baş kanunymyz “Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr, döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy halkdyr”, diýip yglan edýär.

Ýurdumyzda giň gerim bilen bellenilýän baýramçylyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni aýratyn oruny eýeleýär. Her ýylyň 18-nji maýynda toýlanylýan bu milli baýram halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Bu sene Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirlikde, ýaşyl tugymyzy al-asmana parladyp uly ösüşlere we beýik sepgitlere tarap barýandygyny alamatlandyrýan uly baýramçylykdyr. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýanyň kabul edilen günüdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlanan we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän köp ugurly özgertmeler ynsan gymmatlygyna, halkara-hukuk kadalaryna ygrarlyga esaslanýar. Azatlygyň, erkinligiň, bagtyň ajaýyp binýady bolan Türkmenistanyň konstitusiýasy her bir raýatyň milletine, gelip çykyşyna, emläk, wezipe derejesine, ýaşaýan ýerine,dini garaýşyna syýasy ynam ygtykatyna, onuň hukugyny, azatlygyny we kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Ösüşleriň häzirki tapgyry kanunçylyk binýadymyzy döwrebap kämilleşdirmegi talap edýär. Konstitusion özgertmeler milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolunda örän ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy-Esasy Kanunymyzdyr. Onuň kämil bolmagy geljegimiziň üstünliklerini kepillendirýär. Döwletmiziň ýeke-täk aýdyň maksady bardyr, ol hem dünýä jemgyýetçiligi bilen hemme taraplaýyn gatnaşyklary saklap, türkmen halkyny eşretli durmuşda parahat, asuda , bagtyýar ýaşatmaga, arkaýyn, arassa zähmet çekmäge mümkinçilik döretmekden ybaratdyr. Agzybirlik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik, watansöýüjilik ýörelgelerinden ugur alynyp durmuşa geçirilýän özgertmeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ygtybarly esasy bolup çykyş edýär. Her bir taryhy döwrüň öz aýratynlygynyň bolşy ýaly, häzirki döwür özüniň tutýan orny we ähmiýeti bilen tapawutlanýar. “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

Halkymyzyň milli mukaddeslikleriniň biride Döwlet baýdagymyzdyr.Ýaşyl baýdagymyz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň nyşany bolmak bilen, halkymyzy ýeňişlere ruhlandyrýar. Maý aýynyň 18-i türkmen halkynyň bagtyýarlygyny, döwletliligini, jebisligini baky kepillendirýän Baş kanunymyzyň kabul edilen we ýaşyl tugumyzyň Mukaddes güni hökmünde kalplarymyzda müdümilik orun aldy, halkymyzyň buýsanjyna, guwanjyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – ýurdumyzda ähli ulgamlaryň rowaçlyklara, üstünliklere beslenýän döwri. Täze döwriň täzeçil wezipelerini ýaşlaryň durmuşy bilen berk baglanyşdyrýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR