MAGTYMGULY, SÖZÜM GYSGA, ŞERHI KÖP

Her bir halkyň beýikligi ol halkyň ruhy dünýäsiniň baýlygy, ol halkyň dünýä beren beýik ogullary, şol beýik şahslaryň bitiren işleri bilen bahalanýar. Türkmen halkymyzyň beýikligi, beýik ogullary barada söz açylanda öňi bilen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ady agzalýar. Beýik şahyra, we onuň döredijiligine diňe bir döwlet derejesinde däl eýsem dünýä ýüzünde uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeni ojaklarda, orta we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreler, edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle medeni çäreleriň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabynyň bilim bölümi hem-de “Daşoguz habarlary” welaýat gazeti bilen bilelikde Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde “Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” dabaralandyrmak, türkmen halkynyň beýik akyldary, şygyrlary dünýä halklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan şahyr Magtymguly-Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri guramak, beýik şahyryň döredijiligini ýaşlaryň çuňňur öwrenmeklerini gazanmak, zehinli, bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek, halkymyzyň milli ýörelgeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek maksadynda guralan döredijilik duşuşygyna TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň jogapkär işgärleri, “Daşoguz habarlary” welaýat gazetiniň işgärleri, halypa şahyrlar, Görogly etrabynyň çägindäki orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlar, okaýan döredijilik bilen meşgullanýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow, Görogly etrabynyň bilim bölüminiň baş hünärmeni Bekmyrat Gurbanow, “Daşoguz habarlary” welaýat gazetiniň habarçysy Gözel Seýidowa, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, şahyr Sapardurdy Öwezow, Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň müdiri Gurbanýaz Gurdow, etrabyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy Kakajan Pirjanow, 21-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjahan Täjimowa, 34-nji orta mekdebiň mugallymy Gülälek Pirjanowa, 50-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Eşşanowa dagylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, goşgularynda öňe sürülýän pikirler, öwrenilişi dogrusynda çykyşlar etdiler. Şeýle hem etrabyň çägindäki orta mekdeplerde okaýan goşgy ýazmak bilen meşgullanýan okuwçylar Magtymguly Pyragy barada döreden goşgularyny okadylar. Şonuň ýaly-da aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň dowamynda etrabyň 17-nji orta mekdebiniň aýdym mugallymy Dünýägözel Gutlyýewanyň ýolbaşçylygyndaky dutarçylar topary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary, Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen “Şahyryň ruhuna ýüzlenme” atly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. “Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar beýik şahyra, döredijiligine çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR