Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýoluny ynam bilen ýöredýän Arkadagly Serdarymyz mähriban halky, onuň bagtyýarlygy hakynda ýakyndan alada edýär. “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän hormatly Prezidentimiziň ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Berkarar Watanymyzyň “Açyk gapylar” syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Sebit we dünýä derejesinde ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň: “Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!” diýen parasatly sözleri iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan soňky ýyllarda abraýly halkara forumlaryň münberinde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine degişli ählumumy sebit ähmiýetli köpsanly başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy uly ösüşlere, täze many-mazmuna eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň: “Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar” diýen sözlerinden görnüşi ýaly, bu babatdaky işler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem turuwbaşdan uly rowaçlyga beslenýär. Hawa, bu gün ýurdumyz günsaýyn belende göterilýän halkara abraýy bilen dünýä bileleşiginde aýratyn orun eýeleýär. Öňdengörüjilikli, oýlanyşykly hem-de uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasat halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirýär, dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze-täze mümkinçilikleri hem-de çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hemişe parahatçylyga hem oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna ymtylýan halkymyzyň milli däpleriniň döwrebap ýüze çykmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde durýan meseleler boýunça sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Parahatçylygy we we asudalygy berkitmekde, Merkezi Aziýa sebitinde syýasy durnuklylygy gazanmakda Türkmenistanyň Bitiren hem bitirip biljek hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 2007-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi öz işine başlady.
Ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen öňe barýan Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.