“GOŞA MUKADDESLIGE TAGZYM”

Berkarar döwletli, Arkadagdan arkaly, Arkadagly Serdardan sarpaly  ýaşlarmyzyň kalby ata-watanymyza bolan çäksiz söýgüden doly. Sebäbi “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly turuwbaşdan taryhy wakalara beslenip has-da hyjuwly işlemäne borçlandyrýar. Türkmen halky bagty çüwen illeriň toýlaram baýramlaram goşa-goşadan gelermiş diýip belleýär, biziň toýlarymyzam, baýramlarymyzam Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ulydan bellenilýär. Goşa mukaddesligimiz bolan baş kanunymyz Konstitutsiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni ulydan toýlanýar. TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Konstitutsiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Daşoguz maliýe- ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary TMÝG-niň Daşoguz welaýat,şäher,etrap,Geňeşiniň işgärleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Konstitutsiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy berkararlygyň baky kepili” atly maslahat geçirdi. Maslahatda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulysy Aşyrdurdy Allaýew, TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Magsat Otuzow, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jümägül Hojaýewa, TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýakup Atabaýew, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Nurýagdy Weliýew, şol orta hünär okuw mekdebiniň talyby Annabeg Aşyrowa çykyş etdiler. Maslahatda çykyş ednenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde biziň ýaşyl baýdagymyzyň dünýäniň münberlerinde belentden parlaýandygy hem-de  ýaşlar syýasaty boýunça kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigi barada uly buýsanç bilen bellediler, döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagymyzyň ak ýoly bilen bagtly gelejege sary alyp barýan Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR