BUÝSANÇ BILEN BAKY PARLA, BAÝDAGYM!

Öz halkyna ajaýyp zamanany – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen döwleti bedew bady bilen öňe barýar. Her bir güni ösüşlere, şanly senelere, täze üstünliklere beslenýän Türkmenistan döwletimizde baýramçylyklar uly dabara bilen bellenilýär.

Türkmeniň milli guwanjy, buýsanjy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň toý-dabaralarynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemezliginiň we müdimiliginiň kepilidir. Bu baýram halkymyzyň erkana durmuşyndan, milli ruhundan syzylyp çykýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy her bir türkmen üçin mukaddesdir hem-de ezizdir. Bu baýdagy synlanyňda, halkymyzyň geçmişi, şu güni, röwşen geljegi göz öňüňe gelýär.

Ata-babalarymyz baýdagy ar-namysyň tugy bolan gelin-gyzlarymyzy, enelerimizi goraýşy ýaly, gözüniň görejine deňäp, soňky demine çenli gorapdyrlar.

Tuguň döwlet ähmiýeti bar. Onuň öňünde raýatlar dyz epip, mukaddes kasam edýärler. Tuguň belentde pasyrdap durmagy döwletiň, raýatlaryň abadançylygynyň alamatydyr.

Bu günki gün reňki baýdagyna ornan ajaýyp Diýarymyzda bäş gölli, aý-ýyldyzly tugumyz parahatçylygyň, mizemezligiň, baky berkararlygyň, agzybirligiň, asudalygyň nyşany bolup, al-asmanda parlaýar.

Ähli üstünlikleriň, rowaçlyklaryň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn!

 

Çary KAKABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR