Türkmenistanyň Konstitusiýasy – biziň bagt Kanunymyz. Ol milli döwletliligiň kemal gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy-hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Häzirki döwürde özygtyýarly, hemişelik Bitarap ýurdumyz halkara giňişlikde syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda uly ösüş gazanýan, sagdynlygyň, sportuň, ruhubelentliligiň, rowaçlygyň hem-de dostlugyň gülläp ösýän ýurdy hökmünde ykrar edildi.
Konstitusiýamyz türkmen döwletiniň mizemez ýörelgelerini, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk, parahatçylyk we raýat ylalaşyklylygy, demokratiýa hem-de Kanunlaryň rüstemligi ýaly ýörelgeleri özünde jemlemek bilen, jemgyýete durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryny salgy berýär. Ýurdumyzyň häzirki döwrüne okgunly ösüş, rowaçlyk, durnuklylyk hem-de syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda özgertmeleriň giň möçberliligi mahsusdyr.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini, dünýä tejribesiniň iň oňyn gazananlaryny, milli we umumyadamzat gymmalyklaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny kesgitledi, iň gymmatly baýlyk hökmünde adamy, onuň bagtyýarlygyny we abadançylygyny yglan etdi.
Baş Kanunymyz ýurdumyzyň raýatlarynyň ählisiniň deňhukuklylygyny, Kanunyň rüstemligini üpjün edýär. Her bir raýatyň öz mertebesiniň we at-abraýynyň goraglylygyny kepillendirýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynyň özeninde durýan ynsanperwerlik ýörelgeleri her bir raýatyň erkin ösmegine hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, döredijilikli zähmet çekmegine şert döredýär. Çünki her bir adamyň maksada okgunlylyk duýgusyny kemala getirýän zähmetdir we döredijilikdir. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäni özüne ýol-ýörelge edinen ýurdumyzda adam mertebesiniň dabaralanmagy üçin uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Çary SAPAROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.