Watan mukaddesligi hakdaky duýgular atalarymyzyň merdanalygy bilen göwünlere ornaýar. Atalardan nesillere geçýän watançylyk pentleri ömür dessanlaryna, milletiň mizemezligine öwrülýär. Merdana pederlerimize hem-de ýar ojagyny saklap oturan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, hormat-sylag örän beýikdir. Urşa gatnaşyjylara we uruş ýyllarynda wepat bolanlaryň yzynda galan maşgalalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly alada edilýär. Olar öz merdanalygy, ýanbermez erkleri we gahrymançylyklary bilen Watanyň hatyrasy, adamlaryň bagty üçin ölmez-ýitmezlige eýe boldular.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjy artdyrýan, halk mertebesini dabaralandyrýan her bir işe, bitirilen borja uly sarpa goýulýar. Biziň şu bagtyýar günlere ýetmegimiz üçin söweşen pederlerimiziň, tylda zähmet çeken enelerimiziň öňündäki borjumyzy duýmak, Watanyň öňündäki borjumyzyň bir ülşi bolup durýar. Olaryň öz wagtynda şu günki nesil üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary häzirki döwrüň we geljegiň öňündäki möhüm borçlarymyzy pugta ýadymyza salýar. Bu bagtyýar zamanamyzda, Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen, Watan diýip ýola çykan atalarymyza we olaryň ojagyny saklan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, edilýän hormat-sylag örän beýik. Durmuşda şeýle hakykat bar. Beýik adamlar we olaryň bitiren işleri hiç-haçan ýitip gitmeýär, unudylmaýar. Olar kähalatlarda wagtlaýynça unudylaýanda-da, irde-giçde uly bir hakykat bolup, ulus-iliň hakydasyna dolýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň bilelikde gurnamagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli “Mertlige mekdep bolanlar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Türkmen ýöne ýerden aýdan däldir “Ýagşylyk ýerde ýatmaz” diýip. Biz şu aýdanlarymyzyň hakykatdygyna Mugallym, Esger, Ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoluna ser salanymyzda hem anyk göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew gysga, ýöne örän manyly ömründe uly işleri bitiripdir. Onuň dünýä inen we ýaşan döwrüniň ýeňil bolmandygyny, şol döwrüň bir gyrasyny gören adamlar has hem gowy bilýändir. Şol kyn we agyr döwürde Berdimuhamet Annaýew öňe saýlanyp, il-ýurt üçin köp işleri bitiripdir. Şonuň üçinem, meniň şol döwre Berdimuhamet mugallymyň we onuň ýaly il derdine ýaran adamlaryň gahrymançylykly döwri diýip aýdasym gelýär. Pikirlenip görseň bu hakykatdanam şeýledir. Sebäbi, Berdimuhamet Annaýew öz döwrüniň beýik mugallymydyr, uly şahsyýetdir, şol döwrüň sowatsyzlygyny aradan aýyrmak üçin biçak uly işleri bitiren beýik ynsandyr.
Şeýle beýik ynsanlaryň görkezen edermenlikleri uly hormata, uly derejä mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň atasy ilhalar pedagog ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewa Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin «Edermenligi üçin» diýen medal bilen sylaglanylmagy ähli Türkmenistanlylarda, esasanam Watanymyzyň röwşen ertiriniň eýeleri bolan ýaşlarda uly şatlyk duýgusyny döretdi.
Bizi erkin ýaşadýan we bagtly edýän, ýaşaýyş umydyny alawlandyrýan, barha belentliklere ymtylmagymyza badalga berýän zat Watana bolan söýgimizdir. Watan söýgüsi her bir gözelligiň asyl manysyny duýmaklygymyza alyp gelýär. Çünki biziň süňňümizde bu topragyň ülüşleri bar. Biz şu toprak bilen bir göwre, Watandan aýry zadymyz ýok. Şeýle duýgular bilen taryh sahypalaryna ser salyp, şol geçilen ýollarda öz pederlerimiziň galdyran yzlaryny yzlamak, olaryň kyn günlerini gussa, şat günlerinem buýsanç bilen ýatlamak – biziň mukaddes parzymyz. Pederleriň geçen ýolundaky şan-şöhrata beslenen sahypalary mekdep, sapak edinmek bolsa ajaýyp adatdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, her bir ynsan üçin öz Watanyndan we halkyndan eziz zat ýokdur. “TÜRKMEN ÝIGIDINIŇ WE GYZYNYŇ ÝÜREGI ELMYDAMA JAN WATANYM TÜRKMENISTAN DIÝIP URMALYDYR. WATAN WE HALK DIÝEN BEÝIK HEM-DE GUDRATLY SÖZLER ÝAŞLARYMYZYŇ DILLERINIŇ SENASY, BAŞ ŞYGARY BOLMALYDYR”.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.