MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşlikli döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egine berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň we watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de nesilleriň hormatyna mynasyp boldylar. 1418 güne çeken ot-ýalynly şol ýyllarda watandaşlarymyz-gaýduwsyz esgerlerimiz şöhratly söweş ýollaryny geçip, edermenligi we gahrymançylygy üçin Gahryman diýen belent ada, söweş ordenlerine hem-de medallaryna mynasyp bolup, merdanalygyň beýik mekdebini döretdiler. Türkmen ýigitleri hem Ýeňşiň gazanylmagynyň ahyrky günlerine çenli söweş meýdanynda bolup, şöhratly söweş menzillerini geçdiler. Ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, azap-horlukly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan garrylar, aýal-gyzlar, çagalar “Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!” diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we Ýeňşe bolan synmaz ynam bilen gije-gündiz zähmet çekdiler. Ýeňiş gününi nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene höküminde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ynha şol maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň gurnamagynda, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Herrikgala ýaşaýyş toplumynyň Ata Nazar köçesiniň 24-nji jaýynda 9-njy maý 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” ady bilen uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken raýatlaryň ýürek buýsançlary ýazgy edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Lidermiziň Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.

 

Aýna ORAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI