“ÝEŇIŞ DABARASY ÄLEME DOLSUN, GAHRYMAN MERTLERE ŞÖHRAT-ŞAN BOLSUN!”

Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygynyň baýramy Garaşsyz, Bitarap döwletimizde-de dabaraly bellenilip geçildi.

Şu sene mynasybetli ýerli häkimlikleriň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ömrüni Watana hyzmat etmäge, ony gözleriniň göreji ýaly goramaga bagyşlan uruş weteranlary, olaryň yzynda galyp,mukaddes ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklan ýan ýoldaşlary we tylda tutanýerli zähmet çekenler bilen duşuşyklar geçirildi, olaryň öýlerinde myhmançylykda bolup, Arkadagly Serdarymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Şugün bolsa, Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli gül goýuşlyk dabarasy boldy. Baky oda gül goýmak çäresine welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ilki bilen Baky oda welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary,ýaşuly nesliň wekilleri ter gül desselerini goýdular. Soňra edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşlar Watan gerçeklerini hatyralap, Baky oda gül goýdular. Gamly mukamyň owazynyň astynda Baky oda gül goýmak dabaranyň many-mazmuny Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin döş geren merdana pederlerimiziň agyr jeňdäki gahrymançylygyna, edermenligine hormat goýup, olaryň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egmekdir. Bu çäräni synlanyňda türkmen halkynyň öz gahrymanlaryna uly sarpa goýup, olaryň edermenliklerini hemişe ýatlaýandygyna göz ýetirýärsiň.

Goý, Zeminde hemişe parahatçylyk we abadançylyk bolsun!

Goý, asmanymyz arassa bolup, ak guşlar ganatyny ýaýyp ýörsün!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary hemişe aman bolsun!

Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun!

 

 

Leýli ŞAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK