“Ýeňiş”, “Täzelik” hem “Üstünlik” sözleri bir manynyň kökünden birleşip, adamlara diňe gowulygy, bagty buşlaýar. 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýeňşiň gazanylanyndan bäri 78 ýyl geçen hem bolsa, onuň ýakymy şu günki ýaly ýüreklerimizde. Şol ýeňiş getiren gahrymanlarymyzyň her birini ildeşlerimiz mertligiň, bagtyýarlygyň, watanperwerligiň nusgasy hökmünde ýüreklerinde göterýärler.
Geçmişi hemişe arzylaýan, şanly sahypalaryň gymmatyny barha beýgeldýän döwrümizde her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ýeňşiň gazanylanyndan bäri ynsan ömrüne barabar ýyl geçdi. Onuň gazanylmagyna goşant goşan gerçekleriň sany bolsa, gynansak hem, azalyp barýar. Ýöne ýaşaýşyň gutulgysyz kadasy olaryň hormatyny, olar baradaky süýji ýatlamalarymyzy ýüregimizden hiç haçan sowuryp bilmez. Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarynda gowgaly ýyllaryň wakalary we şol ýyllarda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy çeperçiligiň ýokary derejesi bilen beýan edilýär. Milli Liderimiziň atasy, Watanyň wepaly perzendi Berdimuhamet Annaýew ýaly gerçekleriň görkezen gahrymançylygy, eziz Arkadagymyzyň pederi Mälikguly Berdimuhamedow ýaly çagalygyny, ýetginjekligini ýa-da ýaşlygyny külpetli ýyllara ogurladan millionlarça ildeşlerimiziň gaýduwsyzlygy bilen ýetilen Ýeňiş öz gadyr-gymmatyny üstünden asyrlar geçse-de ýitirmeýär.
Hakykatdan hem, geçen asyryň iň arzyly Ýeňşinde türkmen halkynyň juda mynasyp paýy bar. Bu gazaply ýyllar halkyň diňe gahrymançylygy bilen ýatlanylman, eýsem, millionlarça ynsanyň ömür tanapyny kesenligi bilen hem gussaly ýatlanýar. Faşistere garşy aldym-berdimli söweşlerde türkmen ýigitleriniň görkezen edermenligi şol ýyllaryň taryhyna öçmejek sahypalar bolup ýazyldy. Merdana pederlerimiziň gahrymançylygyny ýüreginde göterip arzylanýan şu günki nesilleriň – biziň iň uly bagtymyz jepalardan soň däl-de, irginsiz yhlasdan soň gelen üstünligiň ýeňşine şaýat bolýandygymyzdyr.
Mälim bolşy ýaly, ömrüni Watana hyzmat etmäge, ony gözleriniň göreji ýaly goramaga bagyşlan uruş weteranlar, olaryň yzynda galyp,mukaddes ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklan ýan ýoldaşlary we tylda tutanýerli zähmet çekenler bilen Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän duşuşyklar ýatdan çykmajak pursatlara öwrülýär. Şu günler ýerli häkimlikleriň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bu beýik ynsanlaryň bagtyýar ojaklarynda myhmançylykda bolup, Arkadagly Serdarymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarlar.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda, geçen asyryň gowgaly wakalaryndan sag-aman baş alyp çykyp, bu gün aramyzda ýaşap ýören gahrymanlarymyzyň biri Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy uruş weterany Abdyýew Şammy aganyň ojagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary myhmançylykda bolup, onuň bilen söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Döşüni dolduryp duran örden-medallar, Şammy aganyň garadan gaýtmazlygyny, batyr esger bolandygyny aňladýar. Asyr ýaşa gadam goýan, edermenligiň görelde mekdebine öwrülen, uly hormat-sarpanyň eýesi bolan uruş weterany Şammy aga hoşallyk sözlerini şeýle beýan etdi: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz uruş weteranlary iň amatly şertlerde we aýratyn döwlet goldawy bilen gurşalyp, abadan durmuşda ýaşaýarys. Biz üçin ähli durmuş ýeňillikleri doly üpjün edilýär. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy hemişe aman bolsun!” Duşuşygyň dowamynda, uruş weterany Abdyýew Şammy aga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistan Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mar welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.