Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watan gahrymanlarynyň,olaryň yzynda galan, mährem enelerimiziň mertebesi bu günki günde belentde tutulýar. Türkmen ýigitlerimiz Watançylyk urşunda asuda,bagtyýar döwrümiz üçin gara başlaryny orta goýup, söweşdiler. Watanyň şöhratly ogullaryny ýatlamak her birimiziň borjumyzdyr.
«Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip, Gahryman Arkadagymyz adalatly nygtaýar. 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni sözüň hakyky manysynda mertleriň Watany beýgelden günüdir.Taryhda müdimi orun alan şol arzyly günden bäri Watan hem öz mertlerini beýgeldip gelýär, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa munuň özi täze many-mazmuna eýe boldy. «Merdana watandaşlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerdäki gahrymançylygy hem-de gaýduwsyzlygy häzirki we geljek nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar!» diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Hawa, ajaýyp zamanamyzda olaryň hatyrasy, sarpasy has-da belent tutulýar. Söweşlerde edermenlik görkezen gahrymanlar hakyndaky ýagty ýatlamalary ebedileşdirmek maksady bilen «Hatyra» hem-de «Şöhrat» kitaplarynyň neşir edilmegi, paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň döredilmegi, uruş weteranlarynyň, frontdan dolanyp gelmedikleriň yzynda galan zenanlaryň, tylda zähmet çekenleriň döwlet tarapyndan alada bilen gurşalmagy, Ýeňiş güni mynasybetli olara her ýyl pul sowgadynyň we gymmatbahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, saglyk hyzmatlarynyň ilkinji nobatda edilmegi, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga yzygiderli üns berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadygymyzy ähli türkmen halkymyzy Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlaýarys.Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik,il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Arslan MAKSADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.