“ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK”

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň maksady, milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakdan, halkymyzyň eşretli durmuşyny has-da gowulandyrmakdan we abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açýar. Döwletimizde alnyp barylýan beýleki pudaklar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň işini mundan beýläk-de özgertmek we ösdürmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda hususyýetçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň netijesinde, döwlete degişli bolmadyk çygyr ösüşli döwri başdan geçirýär. Bu bähbitli ýagdaý, welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolup, telekeçilerimiz harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmakda uly işleri bitirýärler. Buýsançly bellemeli ýeri hem, telekeçilik milli ykdysadyýetimizde kuwwatly öndüriji güýç hökmünde öňe çykýar.

Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşlar we telekeçilik” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşuşyga, Mary şäher Jemagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň we TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde, çagyrylan myhmanlar çykyş edip, olar öz çykyşlarynda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda welaýatymyzda hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň birnäçesi hereket edýändigi, olaryň bir bölegi gurluşyk-gurama işlerini alyp barýan bolsa, ýene bir bölegi önümleri we harytlary öndürmek bilen önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmeklige saldamly goşantlaryny goşýandyklary barada çykyş etdiler. Çykyşlarynyň dowamynda, önüm öndürmegi, oba hojalyk önümlerini ýetişdirmegi maksat edinýän hususyýetçilere ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegi azyk we halkyň köp sarp edýän harytlaryny öndürýän telekeçileriň önümçilik kuwwatlaryny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly tagallalarynyň durýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Çykyşlarynyň ahyrynda, çärä gatnaşyjylar telekeçilere döredip berýän şertleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar geljegi, eşretli durmuşy üçin alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Myrat HANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK