“SAGDYN JEMGYÝET-BERKARAR DÖWLET” ATLY TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Islendik döwrüň kalba ganat berýän pursatlary ömrüň manyly günleriniň maňzyna siňýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny  üpjün edýän beýik işler bilen şöhratlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda ýaşlara uly ynam bildirmegi döwrüň bedew batly ösüşlerine ganat berýär.“Ýaşlar mähriban Watanymyzyň geljegidir” diýip belleýän Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Serdarymyzyň:“Beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir.” diýen sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasymyza sarpany, zähmete bolan söýgüni döretmek, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň, Mary welaýat prokuraturasynyň, Mary welaýat häkimliginiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň hem-de Mary nebit-gaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda “Sagdyn jemgyýet-Berkarar döwlet”  atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda, çagyrylan myhmanlar çykyş edip, beýik özgerişlere baý bolan güneşli Diýarymyzda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň ýurdumyzyň geljegi hasaplanýandygy, ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, saglygyny berkitmek, olara ýokary derejede bilim bermek babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem  jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen  degerli çäreleriň giň gerime eýe bolup, ýurdumyzda  geljekki nesilleri temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijelerinden goramakda aýgytly ädimiň ädilýändigi we temmäki tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.

Çykyşlarynyň ahyrynda, waspy dillerimizde dessan bolup ýaňlanýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýaş nesillere şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Annamuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK