“MILLI MIRAS-NESILLERE GÖRELDE”

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen halkymyz asudalygyň, parahatçylygyň, bagtyň gujagynda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp zamanada eşretiň hem-de bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar ýaşlar Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.

Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi we Baýramaly şäheriniň “Altyn” gözellik öýi bilen bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” 15-nji bendinden ugur alyp, bagtyýar ýaşlarda milli däp-dessurlara, ene-mamalardan gelýän el işlerine söýgi döretmek maksady bilen TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň işgärleriniň, ýaşuly ak saçly eneleriň, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda “Milli miras-nesillere görelde” atly teleýazgyly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda, eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylmagy, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmaty, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýýan wezipelerinde geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň we ony ertirki güne ýetirmegiň her döwrüň öňünde durýan borçdygy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň döreden ajaýyp gelin gyzlarymyza nusgalyk el işi bolan gadymy kürtäniň nepisligi, ene-mamalarymyzdan gelýän milli mirasymyzyň nurana gymmatlygy bolan gadymy keteni, kürte, tahýa we beýleki birnäçe el işleri, gadymy milli şaý sepleri hakynda gürrüňler edildi. Şeýle-de türkmen halkymyz el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelendikleri, pähim-paýhasdan gözbaş alýan köp dürli nusgalyk gyz-gelinlerimiz tarapyndan häzirki wagda çenli ýöredilip gelinmegi, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan el hünäri zenanlarymyzyň buýsanjy, abraý-mertebesi barada giňişleýin bellenip geçildi.

Duşuşyga gatnaşan ýaşuly neslimiz we bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzda milli mirasymyzy has-da kämilleşdirmekde, nesillerden-nesillere geçirmekde, aýap saklamakda döwrebap işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Tawus KURBANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK