Maşgala - jemgyýetiň iň kiçi topary bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetiň esasyny düzüjidir. Çünki maşgaladan başlanýan terbiýe çaganyň geljekki durmuşynyň özenini düzýär. Türkmen halkymyz maşgala mukaddeslik hökmünde garap, çaga terbiýesine wajyp orun beripdir. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz”, “Maşgalam — baş galam”, “Edep altyndan gymmat” ýaly birnäçe atalar sözi pederlerimiziň maşgala terbiýesine aýratyn üns berendiginiň alamatydyr. Ýurdumyzda maşgala binýadynyň berkidilmegine, çaga terbiýesiniň kämil bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Türkmençilikde “Bina bolmasa-binýat bolmaz” diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk hem-de abat bolýar. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde jemgyýetimizde ýaşlarymyzyň sagdyn kemala gelmegine, edep terbiýeli, ylymly bolmagyna aýratyn üns berilýär.
Hut şu nukdaýnazardan, Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen TMÝG-niň VII Gurultaýynda: “Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr” diýen sözlerinden we öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, olarda maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Mary welaýat adalat bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda talyp ýaşlaryň arasynda “Maşgala mukaddesligi-mertebe mekdebi” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Aýnabat Kakajanowa çykyş edip, Garaşsyz Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi, halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň barha berkidilýändigi we kämilleşdirilýänligi, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş nesilleriň, talyp ýaşlaryň bagtly geljegi üçin uly alada edilýändigi, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilenligi we ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan uly goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ýaşlaryň bilimine, ukyp-başarnygyna uly üns berilýänligi barada giňişleýin aýdyp berdi.
Soňra, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Mary welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist Şemşat Bäşimowa çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe bermekde, bilimli, zehinli, kämil, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmekde ilkinji nobatda terbiýe ojagynyň maşgala bolup durýandygy, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, bu babatda ata-babalarymyzyň halkymyza ajaýyp gymmatlyklary miras goýup gidendikleri, şol milli ýörelgelerimize eýerip, şu günki ýaşlaryň mynasyp dowam etdirmelidigini aýtdy. Şeýle hem ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza söýgi döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan kemala gelen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ömrümiň manysy” ýaly ajaýyp kitaplarynyň şamçyrag bolup durýandygy barada giňişleýin täsirli çykyş etdi.
Soňra, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Kuwwatgeldi Çaryýew çykyş edip, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky, geljek baradaky aladanyň ýatandygyny, bu günki gün türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýänligi, şol belent ynamyň bolsa, ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýandygy dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar bilen geçirýän her bir duşuşyklarynda, okuw sapaklarynda berýän gymmatly öwüt-nesihatlarynyň, gymmatly maglumatlarynyň her bir türkmen ýaşlary üçin durmuşyň ähli menzillerinde ýol-ýörelge, nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada giňişleýin aýdyp berdi.
Duşuşygyň ahyrynda, çagyrylan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny we alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.
Wepa TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 1-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.