Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde ýüpekçiligi ösdürmeklige hem aýratyn uly üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda möhüm möwsüme- pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu möwsümde hem pileden ýokary hilli we bol hasyl ýygnamak boýunça ähli zerur şertler üpjün edildi. Pudagyň kärhanalary iň täze, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi, ýüpekçileriň zähmetiniň höweslendirilip durulmagy, ýüpek gurçuklary üçin ýeterlikli iýmit gorunyň döredilmegi ýaly meseleleriň oňyn çözgütleri göz öňünde tutuldy. Etraplarda pile kabul ediş we guradyş sehleri möwsüme ykjam taýýarlanyldy. Netijede, ýüpegiň hiliniň has-da gowulaşmagy üçin welaýatlarymyzda ýüpek gurçugynyň tohumyny kämilleşdirmek we bu ugurda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak işi öz gowy netijesini berýär.
Tutçylyga üns berilmegi hem önümçiligi kämil ýola goýmaga şert döredýär. Welaýatlarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda tut agaçlaryna oňat garaşyk edilýär. Her ýylky ählihalk bag ekişlik möwsümlerinde tut nahallarynyň onlarça müň düýbüniň oturdylmagy ýüpek gurçuklarynyň iýmit gorunyň ýeterlikli bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda tut agaçlary 2,5 müň gektardan gowurak meýdany eýeleýär. Ýüpek gurçuklaryny agrotehniki talaplara laýyklykda idetmegiň esasynda dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan ýüpek öndürilýär. Ýüpekden alynýan önümlere diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem isleg ýokarydyr. Şuňa görä, welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda ýokary hilli ýüpek matalarynyň we ýaglyklarynyň onlarça görnüşi öndürilýär. Görnüşi ýaly, ýüpekçilik girdejili pudaklaryň biridir.
Aýratynda-da, oba ýaşaýjylary üçin ep-esli goşmaça girdeji getirýän önümçilikde üstümizdäki ýylda hem geçen ýyllarda bolşy ýaly, uly üstünlige garaşylýar. Tamamlanyp barýan ýüpek gurçugyny idetmek möwsümine Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ýüpekçileri hem mynasyp goşandyny goşýarlar. Mary welaýatynyň Ýüpek önümçilik birleşigi Ýolöten etraby boýunça bölümçesi 24700 (ýigrimi dört müň ýedi ýüz) gram janly gurçuk alyndy. Geljekde bolsa, Ýolöten etraby boýunça 52 (elli iki) ton ýokary hilli piläni Watan harmanyna tabşyrmagy borç edinýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň wekilleri hemişe ýüpekçileriň arasynda bolup, olaryň “armasyny” ýetirip, wagyz-nesihat işlerini ýerine ýetirýärler.
Mahlasy, welaýatda pudagyň işlerini guramaçylykly alnyp barylmagy, şeýle hem pileçi-kärendeçileriň yhlasly zähmeti, Maryly ýüpekçileriň maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär. Beýik tutumly işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyñ janlarynyñ sag, ömürleriniñ uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Meretgeli ANNAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.